logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Tebigat /Topragy çuň ýumşadyjynyň netijeliligi
  02.04.2024
871
Topragy çuň ýumşadyjynyň netijeliligi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daýhanlarynyň daýanjy bolan täze tehnikalary satyn alyp berýär. Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalaryň biziň howa-toprak şertlerimize netijeli işläp bilmek ukybyny ýüze çykarmak üçin Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň we beýleki döwlet edaralarynyň hünärmenleriň gatnaşmagynda synag edilýär. Synagyň esasynda onuň kemçilikleri we artykmaçlyklary ýüze çykarylýar olar barada ýasaýjy kärhanalara netijenama berilýär.

   
 

Häzirki wagtda kuwwatly, ýokary öndürijilikli tigirli traktorlar, kombaýnlar we maşynlar ekin meýdanlarymyzda agrotehnikanyň talabyna laýyklykda işleri ýerine ýetirýärler. Oba hojalyk tehnikalaryň ekin meýdanlarymyzda birnäçe gezek geçmegi bilen topragyň has gaty dykyzlanmagyna we onuň aşaky zolagynda gaty zolagyň döremegine getirýär. Bu bolsa topragyň howa-suw çalşygynyň bozulmagyna getirýär. Netijede, ekiniň köküniň topragyň esasy sürüminden aşaky zolakdan iýmitlenmegine päsgelçilik döredýär we onuň şorlaşmagyna getirýär.

   
 

Toprakda emele gelen gaty zolagy aýyrmak üçin onda çuň ýumşadyjyny ulanmak zerurlygy ýüze çykýar.

   
 

Topragy esasy işläp bejermek üçin John Deere 2720 kysymly diskaly çuň ýumşadyjyny ulanmak has netijeli. Bu ýokary berklikli diskaly çuň ýumşadyjy ähli şertlerde yzygider bökdençsiz işlemegi üpjün edýär. Bu diskaly çuň ýumşadyjy topragy owratmak, öň ösüp oturan galyndylary garyşdyrmak we petiklemek, topragyň dykyzlanan gatlagyny ýumurmak we topragyň üst ýüzüni tekizlemek ýaly ähli operasiýalary örän oňat ýerine ýetirýär. Bu işleriň ählisini diskaly çuň ýumşadyjy bir gezek ýöräp geçende ýerine ýetirýär.

 

Artykbaý MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.