logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /«TOPH» taslamasyna rus kompaniýalary hem gatnaşmagy meýilleşdirýär!
  06.03.2023
1085
«TOPH» taslamasyna rus kompaniýalary hem gatnaşmagy meýilleşdirýär!

Russiýanyň turba öndüriji kompaniýalary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna gatnaşmaga taýýardygyny mälim edýär. Bu barada Russiýanyň Owganystandaky ilçisi Dmitriý Žirnow «Izwestia» gazetine beren interwýusynda belläp geçdi.

Ilçi Dmitriý Žirnow rus kompaniýalarynyň bu gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyna goldaw berendiklerini habar berdi. Şeýle hem ilçi Russiýa bilen Owganystanyň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

Ilçiniň aýtmagyna görä, rus inženerleri Kabuldaky ýyladyş gazanhanalary, ýyladyş we suw üpjünçilik ulgamlaryny, elektrik beketleri gözden geçirdiler we jemgyýetçilik hyzmatlaryny täzeden gurmak meýilnamasyny taýýarladylar. Şeýle hem rus bilermenleri Owganystanyň üsti bilen Özbegistandan Pakistana demir ýol gurmak boýunça tehniki topara hem gatnaşýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.  

 

Atajan MYLKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.