logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Tomusky dynç alyş: kadalary berjaý ediň!
  06.06.2022
1320
Tomusky dynç alyş: kadalary berjaý ediň!

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy raýatlaryň käbir kadalary berjaý etmegini talap edýär. Howanyň aşa gyzan mahalynda gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Möwsüme görä, açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmeli. Gezelençde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgaply bolmaly hem-de ýanyň bilen arassa agyz suwuny götermeli. Şahsy we jemgyýetçilik tertip-düzgünlerini berjaý etmek şerti bilen, daşardan derläp geleniňde, hökmany ýagdaýda eşigiňi çalyşmaly, howa sowadyjynyň öňünde ýüziňi, beýleki beden agzalaryňy tutup durmakdan, sowadyjydan alyp, sowuk suw içmekden, sowuk suwa düşmekden gaça durmaly.

Çalt taýynlanýan, guraksy önümleri az iýmek maslahat berilýär. Ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli we günüň dowamynda 1,5 — 2 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek, nahardan soň ýarym sagat töweregi arassa howada gezelenç etmek arkaly kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Şahsy arassaçylygy berk berjaý etmeli, penjiräni açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Öýde we iş ýerlerinde mebelleriň tozanlaryny çygly desmal bilen yzygiderli süpürmeli. Gezelenje çykylanda, iýmit galyndylaryny, plastiki gaplary we ş.m-leri ýörite niýetlenen gaplara taşlap, daş-töweregiň arassaçylygyny üpjün etmeli. Bu düzgünleri ýaş çagalara hem öwretmeli. Deňizde suwa düşülenden soň, 15 — 20 minut töweregi kölegede ýa-da saýawanyň aşagynda dynç almaly we soňra üstüňden arassa suw akdyryp ýuwunmaly.

Eliňi arassalamak üçin çygly we gury süpürgiçleri, ýörite arassalaýjy erginleri ulanmak bilen, şahsy arassaçylyk kadalaryny yzygiderli berjaý etmeli.

Tomus möwsüminde dynç alşy sagdyn, gyzykly we şatlykly geçirmek, ilkinji nobatda, siziň özüňize baglydyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň Saglygy
goraýşyň habarlar merkezi.