logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Tomsuň jöwzasyndan ägä boluň!
  20.06.2023
1546
Tomsuň jöwzasyndan ägä boluň!

Iýunyň bosagadan ätlemegi bilen Günüň ýiti şöhlesi öz hökmüni ýöredip ugrady. Bu bolsa tomsuň jöwzasyndan talabalaýyk goranmagy, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly hem-de dogry berjaý etmegi talap edýär. Eger siz aşakdaky maslahatlara eýerseňiz, bu möwsümde ýüze çykyp biläýjek hassalyklardan goranyp bilersiňiz. 

Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmaklyk maslahat berilmeýär.

* * *

Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly.

* * *

Irden sagat 9.00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda 18.00-dan soň möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýip, erkekler başgaply, zenanlar ýaglykly daşary çyksalar dogry bolar. Şonda saýawan götermek, ýanyňyz bilen arassa agyz suwuny almak maslahat berilýär. Günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli.

* * *

Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdanlara gezelençleri guramazlygy, açyk meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmegi we başaçyk gezmezligi maslahat berýäris.

* * *

Tomus aýlarynda kabul edýän iýmitiňize-de ünsli bolmaly. Gök önümlere, miwelere, süýt we süýt önümlerine has köp üns bermeli. Ýagly we ajy tagamlardan daş durmaly. Kakadylan et we balyk önümlerini, şöhlatlary iýmitiňizden aýyrmaly. Tomus tagamlary gaýnadylan we buglanan görnüşde taýýarlanylsa, saglygyňyz üçin peýdaly bolar.

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.