logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy
  31.03.2026
392
TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy

2026-njy ýylyň 28-nji martynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde (TOHU) «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi. Çärede çykyş eden hünärmen Elbek Hudaýarow häzirki zaman marketingiň ösüşleri, täze tehnologiýalaryň roly we sanly dünýäde netijeli iş ýöretmegiň usullary barada giňişleýin düşündiriş berdi.

 

Açyk sapakda gatnaşyjylar häzirki zaman marketing tendensiýalary, sanly marketing, sosial ulgamlaryň täsiri, brend strategiýalary we müşderi bilen netijeli aragatnaşyk gurmagyň usullary barada möhüm maglumatlary aldylar. Çykyşda täze bilimleri amaly taýdan ulanmagyň möhüm bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

 

Çärä talyplar, ýaş telekeçiler we marketing bilen gyzyklanýan beýleki gatnaşyjylar işjeň gatnaşyp, sowallaryna jogap alyp bildiler. Açyk sapak bilim alyşmak, tejribe paýlaşmak we täze pikirleri ösdürmek üçin netijeli platforma boldy.

 

Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi tarapyndan guraldy. Guramaçylar bu ýaly çäreleriň ýaşlaryň bilimini ýokarlandyrmaga, döwrebap pikirlenişini ösdürmäge we telekeçilik ukyplaryny kämilleşdirmäge uly goşant goşýandygyny bellediler.