logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Science and Education /TOHU-da "Açyk gapylar" günleri geçirilýär
  29.03.2024
2434
TOHU-da "Açyk gapylar" günleri geçirilýär

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 30-njy martynda, 13-nji aprelinde we 11-nji maýynda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

 

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 1000-da başlanýar:

 

Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy. Telefonlary: 34-07-77, 34-25-64, 34-27-09.

 

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin: Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-9-33-92, 800322-9-40-68.

 

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56, 800422-9-87-71, 800422-9-88-12.

 

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin: Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-00-83, 800564-6-07-84, 800522-6-30-82.

 

Şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti baradaky maglumatlary www tohu.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz.

 

"Açyk gapylar" günlerinde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.