logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Tizlik barada gyzykly maglumatlar
  04.02.2023
2807
Tizlik barada gyzykly maglumatlar

Polýar aýylary adamyň ysyny 30 kilometr uzaklykdan hem alyp bilýärler we olar sagatda 40 kilometre çenli tizlikde ylgaýar.

Bir uly ýaşly ary ganatyny sekuntda 160 gezek kakýar.

Pikir tizliginiň 73,500,000 m/s ýetip biljekdigini öňe sürýärler, emma bu entek doly subut edilmedikdir.

Ýuwaş ummanyň ýyly suwlarynda ýaşaýan «ýelkenli» balyk, sagatda 100 kilometre çenli tizlige ýetmäge ukyply bolup, ol balyklaryň arasynda iň uly tizlik rekordyny saklaýar.

Kolibri guşunyň ýüregiň minutda 615 gezek urgy edýär.

Adam spermatozoidiniň tizligi sekuntda 0,1 mm ýetip bilýär.

Ýerdäki iň şemally ýer Antarktidada ýerleşýän «Commonwealth» atly aýlag bolup, bu ýerde sagatda 240 km tizlik bilen güýçli tupan öwüsýär.

Ukrainaly 16 ýaşly Ira Iwançenko, okan materiallaryny doly özleşdirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna minutda 163 333 söz okamak tizligi bilen girmegi başardy.

Laçyn guşy haýwanlaryň arasynda iň ýokary tizlige eýe bolup, onuň tizlik rekordy sagatda 322 km deňdir.

Adamyň görüş synasynda gyjynmanyň tizligi 0,1-0,3 sekuntdyr.

Pirana balyklarynyň bir sürüsi birnäçe minutda 200 kg et iýip biler.

Wakuumdaky ýagtylygyň tizligi takmynan 300,000 km/s deň.

Şampan çüýşesinden çykýan dykynyň tizligi sagatda takmynan 40 km.

Adaty gabarçakly ýyrtyjy ösümlik (pemphigus vulgaris) awuny ýarym millisekuntda öldürmäge ukyplydyr.

Geçirilen gözlegler, itleriň ses çeşmesiniň ugrunyň 0.06 sekuntda kesgitleýändigini görkezdi.

Iň haýal süýdemdirijiler – bular ýaltajalardyr, olaryň hereket tizligi takmynan minutda 2 metrdir. Olar suwda we gury ýerde, agaja çykanynda hem şol bir tizlikde hereket edýärler. 

 

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.