logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Temmäki önümleri — jana zulum!
  05.05.2023
1708
Temmäki önümleri — jana zulum!

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Kanuny şu meselede döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär. Temmäki önümleri Türkmenistana getirilen, ýerlenilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda»-da ilatyň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden hem-de temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly netijelerinden goramak derwaýys meseleligine galýar. Bu möhüm mesele boýunça degerli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň maksadam raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň hem-de temmäki önümleriniň zyýanly täsirinden goramaga gönükdirilendir.

Her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we onuň hyzmatdaş döwletleri Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününi belleýärler. Şol mynasybetli 1-nji maýda Türkmenistanda her ýylda geçirilýän temmäkä garşy göreşmek boýunça biraýlyga badalga berildi. Biraýlygyň çäklerinde ýurduň ähli welaýatlarynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti, zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri dogrusynda wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar, sport ýaryşlary geçiriler, mekdep okuwçylarynyň arasynda surat çekmek bäsleşikleri guralar. Geçirilýän çärelerde temmäkiniň adam saglygyna zyýanyny düşündirýän dürli plakatlar, wideorolikler, suratlar görkeziler.

Ýeri gelende belläp geçsek, adam bedenine temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir etmeýän agzasy ýokdur. Öýken keselleri bilen keselleýänleriň aglabasy çilim çekýänlerdir. Temmäki tüssesi arkaly bedene yzygiderli düşýän zäherli maddalar demalyş ýollarynda, öýkende, ýürekde, nerw ulgamynda kem-kemden nä-sazlyklaryň, soňlugy bilen bolsa, howply keselleriň döremegine alyp barýar. Çilim çekýän adamyň göreji ir kütelýär, eşidiş, duýuş we ys alyş ukyplary wagtyndan öň peselýär. Bulardan başga-da, olaryň çagalarynyň arasynda dürli dogabitdi näsazlyklar we kemçilikler bilen dogulmak ähtimallygy ýüze çykýar.

Geçirilýän biraýlygyň hem esasy maksady adama çilimiň beden, ruhy, durmuş taýdan ýetirýän zyýanyny düşündirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmekden ybaratdyr. 

 

Serdar AKMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.