logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Tejen şäherinde zenan mertebesi barada duşuşyk geçirildi
  18.10.2023
613
Tejen şäherinde zenan mertebesi barada duşuşyk geçirildi

Tejen etrabynyň Tejen şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Zenanlar guramasynyň başlygy Durdyýewa Akjemal Kerimberdiýewnanyň gatnaşmagynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany wagyz-nesihat  etmek  maksady bilen “Täze eýýamynyň sagdyn çagalary biziň röwşen geljegimizdir” atly wagyz-ündew  duşuşygy geçirildi. Bu çärä bilim ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, saglygy goraýyş işgärleriniň işjeň agzalary, kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş  edenler  Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli işlerde zenanlaryň hem uly goşandy  bardyr diýip  belläp geçdiler. Hakykatdan hem Türkmenistan döwletimizde  zenanlara, enelere bagtyýar  durmuşyň  olaryň  hukuklarynyň  ygtybarly goraglylygynyň  üpjün edilmegini  özüniň esasy  maksatlarynyň  hatarynda kesgitlenilýär. Maşgala  ynsan durmuşynyň  gözbaşy hasaplanýar, Maşgalanyň abatlygy agzybirligi jemgyýetiň  ösüşine  hem täsir edýär.

Şonuň  üçin  il arasynda  agzybir  maşgalalary  döwletli  hasaplaýarlar. Türkmen halkymyz  maşgala bitewiligini ähli  zatdan  ýokary goýýar. Gender  deňligi  durmuşyň  ähli  ugurlarynda  erkekleriň  we aýallaryň deň  mümkinçiliklere, hukuklara  we  jogapkärçiliklere  eýe bolan  jemgyýetini  göz  öňünde  tutýar. Sagdyn nesilleri ýetişdirip Watana wepaly  ýaşlary ýetişdirmek halkymyzyň elinde, maşgala agzybirligimizi  saklamagy, ýaramaz endiklerden daşda durmagy, wagyz-nesihat edip belläp geçdiler.

Gurbanowa   Bägül
Türkmenistanyň  Kärdeşler
arkalaşyklarynyň  Ahal  welaýatynyň
Tejen etrap  birleşmesiniň  kätibi