logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tejen şäher medeniýet öýünde dabaraly duşuşyk geçirildi
  15.03.2023
735
Tejen şäher medeniýet öýünde dabaraly duşuşyk geçirildi

Ýakynda Tejen etrap häkimliginiň iş meýilnamasy esasynda etrabyň Tejen şäher medeniýet öýünde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna guramaçylykly gatnaşmak hem-de saýlawlara görülýän taýýarlyk işleri barada dabaraly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynda dürli kärde zähmet çekýän işgärler, ýaşuly nesliň wekilleri, etrabyň oba Geňeşlikleriniň arçynlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň her bir gününiň toýdur-baýramlara, şanly wakalara beslenýändigi, şu ajaýyp ýylyň 26-njy martynda hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň açyklyk, aýanlyk we bäsdeşlik esasynda geçiriljek saýlawlaryna el-ele berip agzybirlik bilen işjeň gatnaşmalydygyny aýdyp geçdiler hem-de häzirki wagtda şol geçiriljek saýlawlara her uçastoklarda milli kanunçylyga laýyklykda ählitaraplaýyn görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda  hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzda raýatlarymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny aýdyp, şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. 

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň
başlygy.