logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Tejen şäher Medeniýet öýünde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
  22.06.2023
853
Tejen şäher Medeniýet öýünde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Tejen etrabynyň Tejen şäher Medeniýet öýünde etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Bu dabara etrabyň mährem eneleri, il sylagly ýaşululary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň dünýä ýaýylmagy, ulgamyň işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi, eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamagy babatda edilýän aladalar hakynda giňişleýin beýan etdiler.

Uly ruhubelentlige beslenen dabaranyň dowamynda etrabyň Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet ussatlarymyzyň hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk işlerini wasp edýän aýdymdyr-sazlary, şowhunly tanslary, gülküli sahna oýunlary her bir adamda ajaýyp durmuşymyza bolan buýsanjy goşalandyrdy. Dürli öwüşginli baýramçylyk çykyşlary halkymyzyň agzybirligini dabaralandyrýan, täze ýeňişlere ruhlandyrýan kalplara röwşen maksatlary ornaşdyrýan sungatyň beýik güýji bolup ýaňlandy. 

Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan öňdebaryjy medeniýet we sungat işgärlerine ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar Medeniýet we sungat işgärlerine goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. 

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň
başlygy.