logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tejen etrabynyň bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada maslahatlar geçirilýär
  15.09.2023
1017
Tejen etrabynyň bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada maslahatlar geçirilýär

    «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ýurduň parahatlygy». Şeýle at bilen Ylym we bilim işgärleriniň Tejen etrap Geňeşiniň meýilnamasy esasynda etrabyň 36-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň hem-de 25-nji çagalar bagynyň körpeleriniň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Tejen şäher etrap polisiýa bölüminiň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçileri hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

 

 

    Wagyz-nesihat çäresinde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy hem çagalaryň saglygyna zyýan ýetirjek serişdelerden goramagy maksat edinýär. Çaganyň howpsuz bolmagyny üpjün etmek üçin oňaýly şertler döredilmeli we ata-ene tarapyndan olara gözegçilik edilmeli. Çagalaryň degişli bilim edaralaryna howpsuz gidip-gelmekleri, köçe we ýol hadysalaryna uçramazlyklary üçin polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýöne, çaganyň awtoulag hereketi kadaly dowam edip duran köçelerde howpsuz gatnaşmagy üçin onuň pyýada ýolagçylar üçin ýol hereketiniň kadalaryny dogry bilmegi zerurdyr. Bu işde bolsa mekdep mugallymlarynyň we maşgalanyň uly orny bardyr diýip gyzykly gürrüňler bilen çykyş etdiler.   

 

 

     Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan belent tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Arslan Orazliýew
Ylym we bilim işgärleriniň
arkalaşyklarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň işgäri