logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Tejen etrabyndaky 22-nji çagalar bagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  08.06.2023
1037
Tejen etrabyndaky 22-nji çagalar bagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Tejen etrabyndaky 22-nji çagalar bagynyň terbiýeçileriniň arasynda «Sagdyn nesil – Watanyň gelejegi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygy, ýurdumyzda beden we ruhy taýdan sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alyp barýan asylly işleriň üstünliklere beslenýändigi dogrusynda buýsançly belläp geçdiler. 

Häzirki wagtda dowam edýän tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda Günüň şöhlesinden goranmak üçin zerur çäreleri görmek, çagalaryň saglygyna seretmek, çagalar bilen geçirilýän çäreleri talabalaýyk alyp barmak, körpeleri başgapsyz daşary çykarmazlyk, arassaçylyk kadalaryny doly berjaý etmek barada aýratyn durlup geçildi. Çykyş edenler oňa gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiziň  halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalaryna jogap edip, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekmäge çagyrdylar. Duşuşyga gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan, il-günimiziň bagtyýarlygy barada alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň has-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

 

Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 
Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň jogapkär işgäri.