logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Tejen etrabynda zenanlar we maşgala gymmatlygy barada wagyz nesihat duşuşygy geçirildi
  13.03.2024
992
Tejen etrabynda zenanlar we maşgala gymmatlygy barada wagyz nesihat duşuşygy geçirildi

Tejen etrap Häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Tejen etrap bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň, Tejen etrap Polisiýa bölüminiň hem-de Tejen etrap Kazyýet bölüminiň  gurnamagynda  Watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmete ukyply, ylymly, bilimli, medeni aň düşünjesi ösen, giň dünýagaraýyşly ýaşlary, zenanlary kämilleşdirmek maksady bilen köpçülik ýerlerinde, işde, maşgalada özüňi alyp barmagyň medeniýetini öwretmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Tejen etrap bilim ulgamynda zähmet çekýän hem-de edara – kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler  Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Döwlet adam üçindir” hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr” diýen ýörelgeleriniň düýp özeninde halkymyzyň bagtyýarlygy hakyndaky çuňňur alada ýatyr. Bu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmek ugrunda uly tutumlar durmuşa geçirilýär.

Her bir maşgalanyň agzybirligini, abadançylygyny gorap saklamak, çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, hünärli, başarjaň, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak öňümizde durýan wajyp wezipedir. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar belläpdirler.

Hormatly zenanlar Türkmenistan döwletimizde maşgalanyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga, ösüp barýan ýaş nesilleri terbiýelemäge we olara bilim bermäge döwlet tarapyndan goldaw bermegiň toplumlaýyn ulgamy döredilendigi barada aýdyp, duşuşyga gatnaşýan zenanlar bilen sorag-jogap alyşdylar  we gelejekde çagalarymyzyň sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly çagalar bolup ýetişmekleri ugrunda degişli işleri alyp baralyň diýip, maşgalada çaga terbiýesi barada birnäçe maslahatlary belläp geçdiler.

 

Bägül  GURBANOWA,

Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň
Ahal  welaýatynyň  Tejen  etrap 
birleşmesiniň  esasy  hünärmeni,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy