logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Tejen etrabynda Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol duşuşygy geçirildi
  15.09.2023
1364
Tejen etrabynda Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol duşuşygy geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynyň 30-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň gurnamagynda, etrabyň orta mekdeplerinde zähmet çekýän   Türkmen-dili we edebiýat dersinden bilim berýän halypa  mugallymlaryň gatnaşmagynda  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygyna bagyşlanyp Tegelek stol gurnaldy.

 

Tegelek stola ýygnanan mugallymlaryň arasynda   XVIII asyryň akyldar şahyry Magtymguly  Pyragynyň ömür ýoly, döredijiligi, pyragynyň öňe süren, watançylyk, gahrymançylyk öwüt-nesihat, dotsluk temada ýazan goşgulary barada gyzykly gürrüňler edildi.

 

Şeýle hem Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň galkynyşy döwründe  “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenýän ýylynda,  Gahryman Arkadagymyzyň   ýiti paýhasyndan joşup çykan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyny ýazmagy, Türkmen-dili we edebiýaçy mugallymlary diýseň begendirdi, buýsandyrdy diýip belläp geçdiler.

 

Ösüp gelýän ýaş nesillere bilim, terbiýe bermek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza  çäksiz minnetdarlygyny bildirdiler.

Sapardurdyýew Hakberdi
Ylym we bilim işgärleriniň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Tejen  etrap Geňeşiniň hünärmeni