Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Elektron söwda ulgamy - bazar hojalygynyň täze görnüşi ✦ ✦ Maglumat jemgyýetiniň strategiki ugurlary ✦ ✦ Dünýä logistikasynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sanly tehnologiýanyň daşary ýurt dillerini öwrenmekde ähmiýeti ✦ ✦ Nebit-gaz ulgamy ösüşlere beslenýär ✦ ✦ Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanda bank hyzmatlarynyň sanly görnüşleri ✦ ✦ Ýeriň daşynda magnit meýdanynyň täsiri güýçlenýär ✦ ✦ Dünýä 6G ulgamyna geçýär ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Tehnologiýa we biz
  13.02.2023
746
Tehnologiýa we biz

Häzirki zaman dünýäsini kompýutersiz, tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol sebäpli-de tehnologiýalar zamanynda öz ulanýan kompýuterimiziň hem-de mobil enjamlarymyzyň heran-haçan elimiziň aşagynda bolanlygy sebäpli, oňa düşünmek, ol bozulan wagty sazlamak hem-de onuň howpsuzlygyny gazanmak her birimiz üçin zerurdyr.

Kompýuteriň gurluşlary prosessor we operatiw ýat baradaky düşünje birnäçe ýyllar bäri ulanylyp gelýär. Kompýuteriň ähli gurluşlarynyň toplumyna onuň «apparat üpjünçiligi» diýilýär. Bu gurluşlaryň düzümi çözülýän meselä baglylykda üýtgedilip bilner. Kompýuterde dürli programmirleme işleri, onuň ýerine ýetirýän zerurlyklaryny öwrenmek işlerini biz hiç wagt hem ýadymyzdan çykarmaly däldiris. Öz gözegçiligiňe görä, kompýuteriň «sagdynlygy» hem «dowam edip biler». Çünki kompýuterler nijeme adamyň ýerine ýetirmeli işlerini bir özleri ýerine ýetirip, biziň gündelik durmuşda etmeli işlerimiziň mümkinçiligini artdyrýar we wagtymyzy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Şol sebäpli-de onuň gurluşyndaky her bir ülüş bize gyzykly hem-de düşnükli bolmagy zerurdyr.

Sistema blogy, monitor, klawiatura, syçan bolan kompýuterleriň dürli görnüşleri häzirki zaman tehnologiýa dünýäsinde has-da gyzyklandyrýar. Kompýuterlerimiziň howpsuzlygyny gazanmak üçin bolsa, antiwiruslar peýdalydyr. Häzirki zaman tehnologiýalar birligini düzmek bilen birlikde maglumat tehnologiýalarynyň hem uly bazasynyň kompýuterlerde ýygnanylmagy birnäçe işleriň aňsatlaşmagyna mümkinçilik döredýär.

Kompýuter prosessorynyň kompýuteriň esasy gurluşydygyny bilmeýänimiz ýok has dogrusy beýnisi bolmak bilen ol hasaplamalary, programmalary ýerine ýetirýär. Munuň özi kompýuteriň prosessorynda ähli zatlaryň ýerleşýändigini bilmekdir. Elbetde bu babatynda dürli görnüşli, beýniniň kiçijik ýere ýerleşmegi esasynda ýa-da beýnini aýratyn bir nokat etmek bilen baglanşykly prosessoryň beýni ulgamynyň ähli prosesi dolandyrýandygyny nazara almakdyr.

Häzirki zaman prosessorlarynyň aglabasy 32 bitlik ýa-da 64 bitlik derejä eýedir. Kompýuteriň beýleki bir möhüm gurluşy – onuň ýadydyr. Ýat – informasiýalary saklamak üçin niýetlenen gurluşdyr. Maglumatlaryň ýygnalyş usullary hakynda aýtmak üçin kompýuterde gerek bolan ähli enjamlary bar bolan bir ýere toplamak we programmirlemegiň iň ýokary derejesini üstünlik berýändigi hakda aýtmalydyr. Çünki ýat takyk hasaplardan düzülendir we onuň adam üçin edip bilýän funksiýalarynyň hetdi-hasaby ýokdur. Ýadyň informasiýa göterijiligi häzirki zaman dünýäsinde iň zerur şertleriň biridir.

Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklaýan gaty magnit disklerinde ýygnaýjylar, çeýe magnit disklerinde ýygnaýjylar, optiki disklerde ýygnaýjylardyr . Olaryň zerurlygyny häzirki zaman çelgisinde bahasyna ýetip bolmajak üstünlik diýip, aýdyp bolar. Bu zatlaryň ählisi biziň kompýuterimize dogry we doly düşünmegimizi, ony gorap saklamagymyzy, wagtly- wagtynda ideg edip durmagymyzy talap edýär. Biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegini düzýän kompýuterler we mobil enjamlar dünýäsiniň gymmatyny häzirki döwürde düşündirip bilmek mümkin däl. Çünki durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen tehnologiýalar dünýäsi bilen birlikde ýaşaýşymyzy dowam etdirmek üçin tehnologiýalara aňly-başly çemeleşmegimiz gerekdir. 

 

Didar UMUROW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň talyby.