logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tehniki howpsuzlyk möhüm şertdir!
  06.06.2023
1593
Tehniki howpsuzlyk möhüm şertdir!

Galla oragy möwsümi oba hojalygynda jogapkärli döwür. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz ýygnamak, möwsümde tehnikalary bökdençsiz işletmek we onuň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak bolsa esasy talaplaryň biri.  Bu işde mehanizatorlaryň her biriniň özüniň şahsy jogapkärçiligini duýmagy wajypdyr.

Galla möwsümine taýýarlykly barmak üçin Kaka etrabynda hem talabalaýyk işler alnyp barylýar. Ýakynda bu jogapkärli möwsüme taýýarlyk işleriniň çäginde ýygyma gatnaşjak mehanizatorlar bilen tehniki howpsuzlygynyň düzgünleri boýunça Kaka Awtoulaglar kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda etrabyň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri Galla oragynda mehanizatorlara möwsümde degişli düzgünleri berjaý etmek bilen bagly gymmatly maslahatlaryny berdiler.

Etrapda möwsümde işlediljek tehnikalaryň degişli serişdeler, şol sanda ýangyn söndürijiler bilen üpjünçiligi we olary ulanmagyň düzgünleri boýunça hem düşündiriş işleriniň geçirilýändigini bellemek gerek.

 

Ogulgerek TÖLEWOWA,

Kaka Awtoulaglar kärhanasynyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
ilkinji guramasynyň başlygy.