logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Tebigy merjenler (monjuklar) nähili emele gelýär?
  06.12.2022
1889
Tebigy merjenler (monjuklar) nähili emele gelýär?

Gadymy döwürlerden bäri adamlar tarapyndan gymmat bahaly daş hökmünde ulanylýan tebigy merjenleriň köpüsiniň esasy çeşmesi deňizde ýaşaýan deňiz balykgulagydyr. Balykgulaklar deňizde ýaşaýan näzik jandar bolup durýar.

Merjenler balykgulaklaryň özüni goramak mehanizminiň netijesinde emele gelýär. Balykgulaklaryň gabygyndan içine giren islendik zat keseki madda hökmünde kabul edilýär.

Özüni goramak üçin, balykgulak bu keseki maddany «merjeniň enesi» ýa-da «merjeniň gözbaşy» diýlip atlandyrylýan gaty, güýçli we ýalpyldawuk sadap mineraly bilen gurşap başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen has köp sadap mineral bilen gurşalan keseki madda ahyrynda ýalpyldawuk we gaty daşa öwrülýär. Emele gelen bu daşa merjen diýilýär.

Sadap mineral, gabygyň içki gatlagyny goramak üçin adatça balykgulaklar tarapyndan öndürilýär we «aragonit» diýilýän kalsiý karbonat kristalynyň bir görnüşinden emele gelýär. Sadap mineraly diňe bir merjen emele getirmän eýsem-de balykgulagyň gabygynyň içki gatlagyna reňk hem berýär. 

 

Atajan EÝÝUPOW,
habarçy, žurnalist.