Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Golden Yarn: Haly önümçiligi üçin polipropilen ýüplükleriniň orny ✦ ✦ Boýbodran ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri we ulanylyşy ✦ ✦ Ahal welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösüşi ✦ ✦ Wegatatiw status we onuň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň geljekde nä derejede zerur bolar? ✦ ✦ Neýron tor ulgamlary näme? ✦ ✦ Hindistanda emeli aň ulgamy ösýär ✦ ✦ Türkmenistanda IFT 2025 halkara forumy geçiriler ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Täze ýyl baýramynyň datly miwesi
  28.12.2022
1035
Täze ýyl baýramynyň datly miwesi

Gyş pasly möwsüminde beden sag­lygy üçin dürli mi­we­dir gök önüm­le­ri adatdakysyndan köpräk mukdarda sarp etmek mö­hüm­dir. Bu ýagdaý aýratyn hem, gyş aý­la­ryn­da im­mu­ni­te­tiň pe­sel­me­gi bilen baglanyşyklydyr. Şol se­bäp­li gök önüm­leri, miweleri has köp iýil­me­li­dir. Çünki bu önümler öz düzüminde ýokumly maddalary, peýdaly birleşmeleri, witaminleri köp saklaýar. Gyş aý­la­ryn­da esasan hem man­da­rin, pyr­ty­kal, greýpf­rut, li­mon ýa­ly sitrus mi­we­leri has-da gowy täsir edýär. Sitrus miweleri özünde C witaminini köp saklaýar. Şolaryň içinde gyş paslynyň, täze ýyl baýramynyň datly miwesi hökmünde söýlüp iýilýän görnüşleriniň biri-de man­da­rin miwesidir. Mandarin düzümi boýunça A, B, C wi­ta­min­le­ri­ne, kal­siý, ka­liý, biologiki sü­ýü­m, dem­ir we fos­fo­r ýaly elementlerine baý­dyr. Man­da­rin botaniki häsiýeti boýunça pyr­ty­ka­lyň aý­ra­tyn gör­nü­şi bo­lup, ru­tlar maş­ga­la­sy­na de­giş­li­dir. Man­da­rin gy­zy­lym­tyl mä­mi­şi, na­rynç reňk­li bo­lup, ta­ga­my boýunça pyr­ty­kal­dan has süý­jidir. Ol beý­le­ki sit­rus mi­we­le­ri ýa­ly my­la­ýym ho­wa şert­le­rin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Mandarin aga­jy­nyň ýap­rak­la­ry ýy­lyň dört pas­lyn­da hem ýa­şyl öwsüp durmak bilen, ýap­rak­la­ryny düşür­me­ýär. Ol ap­rel­ aýynda gül­le­ýär, ap­rel-maý aý­la­ryn­da hasyl getirip baş­la­ýar. Ho­wanyň so­wap baş­lamagy bilen mi­we­le­ri biş­ip ýetişýär we ol gy­şyň or­ta­la­ry­na çen­li do­wam ed­ýär. Mandariniň di­ňe bir mi­we­siniň däl-de, eý­sem, onuň ýap­rak­la­rynyň, to­hum­la­rynyň hem peý­da­ly häsiýetleri köpdir. Onuň gaby­gy de­ri­ni nemlendiriji, iýmitlendiriji bolup çykyş edýär. Mandariniň ýap­ra­gyn­dan çaý taý­ýar­lan­ýar. Ondan taýýarlanan çaý be­den­dä­ki ho­les­te­ri­niň derejesini hem pe­seld­ýär. Man­da­riniň iýmitlik gymmaty ýokary bolup, ol gy­ş paslynda iý­len­de, immuniteti artdyrýar. Onuň 100 gramynda 53 ka­lo­ri­ýa bol­ýar. Man­da­ri­niň dü­zü­min­dä­ki ka­li­ý we nat­ri­ý gan basyşyny ka­da­laş­dyr­ýar.

Mandariniň göz üçin hem ýaramly taraplary bardyr. Ýagny onuň karotino­id hä­si­ýe­ti­ bar­dyr. Mandariniň düzümindäki maddalar de­ri­ni iý­mit­len­dir­ýär we nem­len­dir­ýär. Or­ta öl­çeg­li man­da­rin öz dü­zü­min­de ortaça 146 mil­lig­ram ka­liý we mi­ne­ral madda sak­la­ýar. Ka­liý mi­ne­raly böw­rek­le­riň, myş­sa­la­ryň, nerw­iň, ýü­rek-damar ulgamynyň we iý­mit siň­di­riş syna­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­me­gi, süňkleriň berkemegi üçin ze­rur­dyr. Umuman, mandarin miwesi diňe bir ýokumly häsiýetleri bilen peýdaly bolman, ol Täze ýylda saçaklarymyzyň esasy bezegidir. 

 

Safiýa HAMRAKULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.