Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär ✦ ✦ Sungatda halypa-şägirtlik ýoly ✦ ✦ Türkmenistanda hemişelik Bitaraplyk — parahatçylyk we durnuklylygyň binýady ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýalarynyň häzirki döwürde bilim ulgamynda orny we ösüşi ✦ ✦ Tehnologik ösüş — döwrebap jemgyýetiň sütünidir ✦ ✦ Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew ABŞ-a iş saparyny amala aşyrdy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman aýratynlyklary ✦
Baş sahypa / Syýasat /Täze galkynyşyň ruhy bilen galkynan ýaşlar
  05.01.2023
715
Täze galkynyşyň ruhy bilen galkynan ýaşlar

Ýurdumyzda ýaş nesil barada, aýratyn-da olaryň eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, milli ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ylymly-bilimli, ýokary hünär başarnykly, zähmet çekmäge höwesli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, ruhubelent ýaşlar hökmünde kemala gelmegi üçin möhüm döwlet syýasaty kesgitlenýär. Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar. Bu bolsa döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde ýaş nesliň paýyna uly jogapkärçiligiň düşýändigini ykrar edýär. Häzirki wagtda ýurduň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmäge ýaş hünärmenler işjeň çekilýär. Ýaşlarda milli ýörelgelerimize, maşgala gymmatlyklarymyza hormat, arassa ahlaklylyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek döwrüň derwaýys meselesi hökmünde öňe çykýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar babatda alyp barýan döwletli işlerine buýsanyp, bu günki günüň bagtly ýaşlary bagtyýar zamananyň hözirini görüp ýaşaýar. Özleri üçin döwletimiz tarapyndan ýola goýulýan şeýle uly aladalara jogap edip, ýaşlarymyz Garaşsyz hem hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda yhlasyny, zehinini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, saýlap alan hünärleri bilen durmuşda mynasyp orun eýeläp, sagdyn bedenli, milli ruhda terbiýelenen asylly ynsanlar, ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmegi bagtyýarlykdan nyşandyr. Eziz Watanymyzyň röwşen ertirleriniň, nurana geljeginiň dowamaty bolan ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýaş nesil hakynda şeýle taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri has-da rowaç bolsun! 

 

Gözel HÜMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.