Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Täze galkynyşyň badynda zenan mertebesi belentde
  13.03.2024
239
Täze galkynyşyň badynda zenan mertebesi belentde

Täze taryhy eýýamyň ajaýyp günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň hem jemgyýetiň işjeň döredijileri bolan zenanlar baradaky edilýän alada örän uludyr. Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz ençeme halkara guramalar, düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär hem-de gender syýasatynda umumy ykrar edilen ülňüleriň öňe gitmeginde ýokary netijeleriň gazanylmagyna goşant goşýar. Zenanlaryň aň-paýhas we durmuş mümkinçiliklerini ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, köp çagaly maşgalalara goldaw bermäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi örän guwandyryjydyr. Zenanlar döwlet häkimiýet edaralarynda, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlaryna, daşary syýasat işine işjeň gatnaşýarlar. Özleriniň halal hem yhlasly zähmetini maşgala borçlary bilen netijeli utgaşdyrýan bagtyýar zenanlar nesil terbiýesi ugrunda hem tagalla edýärler we bu tagalla döwlet derejesinde sarpalanylýar. Şeýle hem köp çagaly enelere ýokary amatlyklary bolan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegi, hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asylly aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. 

 

Umumadamzat gymmatlyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşan merdana halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny, milli gymmatlyklaryny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda türkmen zenanlary halyçylyk, keşdeçilik, keçe sungaty ýaly deňi-taýy bolmadyk sungatymyzy işjeň ösdürmek bilen şöhratly taryhymyzy hemmetaraplaýyn beýan etmegi hem-de dünýä ýüzünde äşgär etmegi başarýarlar. Munuň özi bolsa, milli ýörelgelerimiziň häzirki zaman türkmen medeniýetinde mynasyp dowam etdirilip, täze galkynyşa eýe bolýar. Şeýle-de häzirki döwürde milli lybaslaryň we beýleki sungat eserleriniň aýrylmaz bölegine öwrülen nagyşlary, nurly keşdeleri döredýän zenanlar, gelin-gyzlar ata Watanymyz Türkmenistany tutuş dünýä ýüzüne tanadýarlar. Maşgala ojagynyň sütüni, milli ahlak we medeni gymmatlyklary aýawly saklap, olary nesilden-nesle geçirip gelýän türkmen zenanlarynyň waspy şahyrlaryň, ýazyjylaryň, sazandalaryň we suratkeşleriň sungat eserlerinde belentden ýetirilýär. 

 

Zenan mertebesini belentde saklamak, halkymyzyň bagtyýar, abadan, bolelin durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwletli işleri, beýik başlangyçlary alyp barmak bilen ýurdumyzy gülledip ösdürýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.