Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Syýasat /Täze eýýam ýaşlar bilen galkynýar
  12.01.2023
912
Täze eýýam ýaşlar bilen galkynýar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan asylly işleriniň, beýik başlangyçlarynyň netije­sin­de, ýur­du­myz­da ýaş ne­sil ba­ra­daky ala­da­lar özü­niň oňyn netijesini ber­ýär. Eziz Wa­ta­ny­my­za, mähriban hal­ky­my­za, milli ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze, däp-des­sur­la­ry­my­za, mirasymyza we­pa­ly, ylymly-bi­li­mli, sporta höwesli, döredijilikli zäh­met çek­mä­ge ukyply, ru­hu­be­lent ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny kämil­leş­dir­mek, yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny önümçilige or­naş­dyr­mak ba­bat­da netijeli işleri ýola goýup, dünýä nusgalyk başlangyçlary öňe sürýär. Ýaş nesilleriň galkynyşly döw­rü­mi­ziň täze ru­hu­na laýyk ke­ma­la gel­me­gi, saýlap alan hünärine eýe bol­mak­la­ry, ylym dünýäsinde we döredijilik äleminde öz ukyp-ba­şar­ny­klary­ny ýüze çykarmagy üçin giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry, däp-des­sur­la­ry, asylly ýörelgelerimizi giň­den wa­gyz et­mek ar­ka­ly sag­dyn, kämil bi­lim­li, ýo­ka­ry aň-dü­şün­je­li, wa­tan­sö­ýü­ji ýaş ne­sil­leri ýetişdirmek üçin mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ugur­da ýaş ra­ýat­la­ryň döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň yk­dy­sa­dy-sy­ýa­sy we me­de­ni dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­mak­la­ry­ny, şeý­le hem olar­da be­lent ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ni eme­le ge­tir­mek, ösüp gel­ýän nes­li zäh­met­sö­ýer­lik, ýokary adamkärçilik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek mak­sa­dy bi­len «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­ ka­bul edil­di.  Eziz ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň döwletimiz ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ma­gy bu işlere uly iter­gi ber­di. Döwletimiz ýaş­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin şert­le­ri döredýär we ola­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne ýar­dam ed­ýär. Bu bol­sa ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny düýp­li berkitdi. Ýur­du­myz­da bo­lup geç­ýän öz­ge­riş­lik­ler halk bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­lip, raýatlarymyzyň, ýaşlarymyzyň be­ýik gel­jek üçin ama­la aşy­ryl­ýar. Biziň be­ýik gel­je­gi­miz bol­sa şu gün­ki ýaş­lar­dyr. Ýaş­lar ba­ra­da ed­ilýän bi­möç­ber ala­da­la­ra jo­gap edip, ýaş­la­ra bil­dir­ýän uly yna­my­ny öde­mek üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň nus­ga­lyk şah­sy gö­rel­de­sin­den ugur alyp, Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da öň­de goý­lan uly we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de ýaş­la­ryň yh­las­ly zäh­met çe­kjekdikleri şüb­he­siz­dir. Biz ýaş­la­ra oka­ma­ga, öw­ren­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri we şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jan­la­ry­ sag, belent baş­la­ry­ aman bol­sun!

 

Annamuhammet ANNAMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 3-nji ýyl talyby.