Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Syýasat /Täze döwrüň nusgalyk şäheri
  07.01.2023
1471
Täze döwrüň nusgalyk şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza parasatly baştutanlyk eden ýyllarynda amala aşyrylan beýik işler halkymyzyň milli mertebesini has-da beýgeltdi. Türkmenistan döwletiniň at-abraýy jümle-jahanda dabaralandy. Amala aşyrylan ägirt uly, döwletli taslamalar bu gün täze bir döwre — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýgytly badalga boldy. Eýýamyň beýik işleri, asylly başlangyçlary bu gün Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Birinji tapgyry tamamlanyberen, ikinji tapgyry badalga alan Arkadag şäheriniň giň gerimli gurluşygy bolsa biziň döwrümiziň ägirt uly, taryhy taslamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutup, gurluşygyna badalga bermegi netijesinde dörän Arkadag şäheri ýurdumyzda ilkinji, nusgalyk «akylly» şäher bolar. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilýän şäherde ekologiýa taýdan arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly, saglyk we sagdyn durmuş üçin amatly gurşaw emele gelýär. Sanly ulgam arkaly dolandyryljak Arkadag şäherinde gurulýan saglyk öýleri, 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasy, Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, «Saglyk» seýilgähi halkyň hyzmatynda bolar. Şeýle dünýä nusgalyk işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň dowam etdirýän ösüş syýasatynyň netijesidir. Adamlaryň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Binagärlik babatdaky ussatlygy, ýiti zehini bilen asylly wezipeleri ýola goýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bu döwrebap edara ediş merkezinde ençeme döwrebap binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Bu ýerde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi bolup, oňa meşhur atşynas hem halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy, Ahal welaýat kitaphanasyna beýik akyldar, meşhur «Wagzy-Azat» eserini miras goýan Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine ilhalar ynsan, zehinli mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy, Ahal atçylyk sirkine merdana halkynyň beýik gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy, drama teatryna tanymal artist, režissýor, ýörite sungat mekdebine meşhur bagşy sazanda Sahy Jepbarowyň adynyň dakylmagy, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy bolsa ýurdumyzda türkmeniň şöhratly taryhynda meşhur yz galdyran şahsyýetlerimize, halypalara goýulýan belent sarpadan, hormat-sylagdan nyşandyr. Şeýle asylly däpler, asylly ýörelgeler ýurdumyzyň ösüşleriniň, millilik ýörelgeleriniň mynasyp dowamy bolup, eziz Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşlerine uly goşant hökmünde dabaralanýar. 

 

Mekan ANNABERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 

institutynyň talyby.