Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ 6-njy oktýabr — Hatyra güni! ✦ ✦ «Reňklerdäki poeziýam» atly döredijilik sergisi açyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy
  01.06.2025
420
Täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy

Paýtagtymyz Aşgabatda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu waka Çagalary goramagyň halkara güni bilen gabat gelip, ýaş nesil baradaky döwletli aladanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyna ýene-de bir aýdyň şaýatlyk edýär. Çaganyň şahsyýetiniň kemala gelmegi onuň ýaşap oturan gurşawyna gönüden-göni bagly bolany üçin, ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösmegini üpjün etjek gurşawy döretmek möhüm ugurlaryň hatarynda durýar. Sport bilen meşgullanmak ýa-da döredijilik işlerine gatnaşmak çagalaryň ruhy taýdan ösdürilmegine uly mümkinçilik döredýär. Ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi bolsa ýurdumyzy mundan beýläk hem ösüş ýolunda öňe alyp barmagyň berk binýadydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda çagalaryň boş wagtlaryny peýdaly we medeni taýdan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

 

Ýurdumyzyň çäginde çagalaryň gatnaşmagynda halkara medeni çäreler, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Munuň özi daşary ýurtlaryň ýaş nesillerine ýurdumyzyň ösüşleri, medeniýeti we mümkinçilikleri bilen tanyşmaga giň ýol açýar. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap döwletimizde çagalar barada edilýän aladanyň nobatdaky mysalydyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy arkaly çagalaryň döwrebap terbiýelenmegi, bilim we saglyk şertleriniň üpjün edilmegi ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Gazna tarapyndan kömek zerurlygy bolan ýaş raýatlara yzygiderli goldaw berilýär, şeýle hem daşary ýurtlardaky çagalar üçin ynsanperwerlik kömegi ugradylyp durulýar.

 

«Güneşli» merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Hormatly ýaşulular we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çagalaryň tans toparlarynyň we sungat ussatlarynyň çykyşlary bu dabarany baýramçylyk ruhuna besledi.

 

Çykyş edenler häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň zehinini ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini, welaýatlarda döwrebap medeniýet merkezleriniň, sungat mekdepleriniň, konsert meýdançalarynyň gurulyp, bu ýerlerde çagalaryň döredijilik bilen meşgullanmaklaryny üpjün edýän mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Bu bilim we döredijilik ojaklarynda ýaş zehinler ýüze çykarylýar, geljekki sungat işgärleri — artistler, sazandalar, suratkeşler terbiýelenýär. «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň gurluşygynyň başlanmagy bolsa ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň subutnamasydyr.