Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dubaýda baý adamlaryň sany artýar ✦ ✦ “Magtymguly Pyragy” medeni seýilgäh toplumynyň çeper çözgüdi ✦ ✦ Gün energiýasyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri ✦ ✦ Agro pack sergisi öz işini tamamlady ✦ ✦ Ak bagtym sen, paýtagtym sen Aşgabat! ✦ ✦ Köpasyrlyk arzuwyň aýdyň dabaralanmasy ✦ ✦ Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçiriler ✦ ✦ “Gilgameş” spektaklynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy ✦ ✦ Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek boýunça maksatnama kabul edildi ✦ ✦ Bäherden etrabynyň hassahanasyna täze medisina enjamlary sowgat berildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /TÄSIRLI WE TÄSIN ÝOKARY TIZLIKLI LIFTLERI
  02.11.2022
379
TÄSIRLI WE TÄSIN ÝOKARY TIZLIKLI LIFTLERI

Dünýäde häzirki wagtda ýyldyrym çaltlygynda hereket edip bilýän ýokary tizlikli  liftler bolup, olar rahatlyk, daşky görnüş we içki bezeg taýdan tapawutlanýar. Mundan başga-da, bu liftleriň adamlaryň asuda, rahat gitmegine hem-de çalt barmagynda uly ähmiýeti bar. Geliň, dünýädäki iň çalt hereket edýän liftler bilen tanşalyň!  

«Jin Mao» diňi (Hytaý). Hytaýyň Şanhaý şäherindäki «Jin Mao» 88 gatly diňindäki ýolagçy liftleri dünýädäki iň çalt hereket edýän liftleriň biri bolup, onuň tizligi minutda 546 metre ýetýär. Ýagny, lift adamlary 46 sekuntda iň ýokarky gatyna – 421 metr beýiklige eltip bilýär. 

«Jon Hankok» işewürlik merkezi (ABŞ). Amerikanyň Çikago şäherindäki «Jon Hankok» işewürlik merkezinde ýerleşýän liftiň ýokary galyş tizligi minutda 549 metre ýetýär. Ýagny, beýikligi 344 metre deň bolan bu 100 gatly binanyň soňky gatyna bary-ýogy 38 sekuntda çykmaga mümkinçilik berýär. 

«Taipei 101» köpugurly merkez (Taýwan). Taýwanyň «Taipei 101» merkezinde 101 gatdan ybarat bolan, sagatda 60,6 kilometr tizlik bilen hereket edýän dünýäniň iň çalt hereket edýän liftleri ýerleşýär. Ýokary tizlikli bu liftiň tizligi minutda 1010 metre deň bolup, ol 30 sekuntda ýolagçylaryň 509 metr belentlige çykmagyna mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda dünýädäki iň beýik lift Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki «Burj Halifa» gökdiräninde ýerleşip, onuň beýikligi 828 metre deňdir. Bina 163 gatdan ybarat bolup, bu bina dünýäniň iň beýik köp gatly binasy hasaplanýar. Şeýle hem, bu binada 57 sany lift hereket edip, olar 10 m/s tizlikde hereket edýär. Mundan başga-da, çalt hereket edýän bu liftler diňe tizligi bilen tapawutlanman, iň beýik nokada galyp bilýändigi we sazlaşykly işleýändigi bilen hem köpleriň ünsüni özüne çekýär. 

 

Akrorbek IKRAMBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.