logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Täsin, ýöne hakykat...
  10.12.2022
1631
Täsin, ýöne hakykat...

- Piller haýwanlaryň arasynda ýeke-täk dört dyzy bolan jandardyr.

- Amerikanyň ýaşaýjylary ýylyň dowamynda ortaça 18 gektar ululykda pizza iýýärler.

- Köralaka bir gijede uzynlygy 75 metr bolan hini gazmaga ukyplydyr.

- Nýu-Ýorkuň taksi sürüjileriniň 90%-i immigrantlardyr.

- Jandarlaryň içinde beýnisi iň uly bolany garynjalardyr.

- Adam uklap ýatan wagtynda telewizora tomaşa edýän wagtyndakydan köp kaloriýa harçlaýar.

- Ulitkanyň ortaça 25 müň töweregi dişleri bardyr.

- Ýer ýüzündäki janly jandarlaryň 70%-i bakteriýalardyr.

- Suwsuzlyga iň çydamly jandar alakadyr.

- Otagyň içindäki tozan bölejikleriniň 70%-i adamyň ölen deri öýjükleridir.

- Düýeguş ýumurtgasyny gaýnatmak üçin ortaça 4 sagat gerekdir.

- Ýaltajalar öz ömrüniň 75%-ni uklap geçirýärler.

- Adamyň burny bütin ömrüniň dowamynda ösüşde bolýar.

- Ýarganat ýeke-täk uçýan süýdemdirijidir.

- Ary balynyň bir kilogramyny ýygnamak üçin balarylary 2 million güle gonmaly bolýar.

- Monakonyň milli orkestrindäki adam sany onuň harby düzümindäki adamlaryndan köpdür.

- Şimpanze aýna seredip, özüni tanap bilýän ýeke-täk jandardyr.

- Polýar aýylary sagatda 40 km tizlik bilen ylgap bilýärler.

- Adam bedenindäki iň gyzgyn temperatura onuň kelle bölüminde bolup, ol 80 derejä deňdir.

- Adamlaryň 11%-i çepbekeýlerdir. 

 

Gowşut NURMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.