«Ýekegowak» ýurdumyzyň günortasynda, Tagtabazar şäherçesini gallap oturan Garabil belentliginiň gap böwründe ýerleşýär. Gowagyň näbelli ussalar tarapyndan 1500 — 2000 ýyl mundan ozal gurlandygy hakynda çaklamalar bar. Aşakdan synlanyňda, gowagy saýgarmak kyn. Bu bolsa onuň ýaşaýyş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gurlandygyny görkezýär.
Gowagyň girelgesi uçut gaýada ýerleşýär. Şol döwürler oňa diňe ýa-ha aşakdan dik merdiwanlar bilen ýa-da ýokardan ýüpden sallanyp baryp bolupdyr. Bu sebitde şeýle gowaklaryň 200-e golaýynyň bardygy çaklanylýar. Häzirki wagtda olaryň 20-den gowragy hasaba alnypdyr.
Internet habarlaryndan görnüşi ýaly, Beýik Britaniýanyň goşun kapitany F. de Laesso Garabil belentliginiň bu emeli gowaklaryny gören ilkinji ýewropalydyr. Ol 1885-nji ýylda Londonyň Geografiki Korollyk jemgyýetinde gowaklar barada çykyş edipdir. Soňra bu gowaklar rus harby inženeri we ilçisi P.M.Lessar, yzy bilen bolsa dag-magdan inženeri A.M.Konşin dagynyň ünsüni çekipdir. Bu ýerde ady belli geolog we syýahatçy, akademik W.A.Obruçew hem bolupdyr. Ol 1890-njy ýylda çap edilen «Zakaspiý pesligi» kitabynda Garabil belentligine we bu ýerdäki emeli gowaklara ylmy taýdan ilkinji teswirlemäni ýazýar.
1955-nji ýylda akademik G.A.Pugaçenkowa sebitdäki gowak toplumlaryny öwrenip, jikme-jik beýan ýazýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem bu sebitdäki gowaklar barada belläp geçýär: «Alymlaryň pikirine görä, gadymy döwürde şu sebitde şeýle gowaklar toplumynyň binagärçiligi örän giňden ýaýrapdyr. Orta asyr аrар geografiýaçysy Kudama Murgabyň obalarynyň biri baradaky ýatlamalarynda şeýle ýazýar: «...Bu kiçi oba, ýaşaýjylaryň öýleri dagasty gowaklarda ýerleşýär».
«Ýekegowak» 1991-nji ýylda «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan hasaba alynýar. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, gowagyň däliziniň ozalky uzynlygy 46 metr bolup, ol häzirki döwürde 37 metre çenli gysgalypdyr. Gowagyň petigi gümmez görnüşinde gazylypdyr. Onuň içine gireniňde, esasy ünsi çekýän zat diwarlaryň dyrnaçaklanana meňzeýän görnüşidir. Ol sesiň we ýagtylygyň döwülmegi üçin ýörite edilipdir. «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň gözegçisi Ýazmuhammet Jänekow gowagyň diwarlaryny arassalanlarynda, tagmalary ýatladýan dürli şekillere gabat gelendiklerini aýdýar. Gowagyň ini 2,75, beýikligi bolsa 2,25 metr edilipdir. Esasy däliz bilen ýöräniňde, iki gapdalyňda jemi 21 sany hüjre bar. «Ýekegowak» ýadygärligi 2 gatdan ybarat bolup, 45 otagy özünde jemleýär. Olaryň her birinde 3-den 5-e çenli kiçiräk hüjreler ýerleşýär. Olaryň boýy 3 metrden 7 metre çenlidir.
Otaglarda jemi 11 sany guýy bolup, çuňlugy 4 — 11 metr aralygyndadyr. Guýular 1955-nji ýylda öwrenilip, olaryň azyk önümlerini saklamak üçin niýetlenendigi baradaky çaklamalar orta atylýar.
«Ýekegowak» 1988-nji ýylda Tagtabazar etrap häkimligi tarapyndan arassalanýar. Häzirki wagtda etrabyň Söýünaly geňeşliginiň çägindäki «Bäşgowak», «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň çägindäki «Dörtgowak» ýaly dürli gowaklar hasaba alyndy.
Syýahatçylaryň «Ýekegowaga» kynçylyksyz baryp bilmekleri üçin, oňa barýan ýola asfalt düşelip, gowaga çykmak üçin ýörite basgançak gurlupdyr. Gowagyň içi ýörite elektrik çyralary bilen ýagtylandyrylýar. Bu bolsa syýahatçylaryň ony mazaly synlamaklaryna amatly şert döredýär.
Ýekegowagyň taryhy:
Ýekegowaga (Ýekedeşik) baraýmak aňsat däl, çünki daşyndan seredeniňde çala saýgarylýan ýeke-täk girelge üçin goýlan darajyk agzy derýa derejesinden 150 metre golaý beýiklikde ýerleşýär. Oňa barýan ýol hem Garabil belentliginiň eňňidinden dik ýokarlygyna gidýär.
Aslynda, Ýekegowak gowak däl-de, katakomba (ýerzemin) diýseň hem ýalňyş bolmaz. Taryhdan belli bolşy ýaly, Rim imperiýasynda yzarlanmaga sezewar bolan ilkinji hristianlar (haçparazlar) üçin gaçybatalga, ybadathana we gonamçylyk hökmünde hyzmat eden giň ýerzeminleriň ulgamyna katakomba diýlip atlandyrylypdyr. Şondan bäri çylşyrymly gurluşly ýerzeminleriň ählisine katakombalar diýilýär. Olar Ýewropada, Aziýada, şol sanda Türkmenistanda hem gabat gelýär.
Garabil belentliginiň bu emeli gowaklaryny gören ilkinji ýewropaly adam Beýik Britaniýanyň goşun kapitany F.de Laesso bolupdyr. Ol 1885-nji ýylda Londondaky Korol Geografik jemgyýetinde bu gowaklar barada çykyş edipdir. Ondan soňra bu gowaklary rus harby inženeri we ilçisi P.M.Lessar, yzy bilen bolsa dag-magdan inženeri A.M.Konşin öwrenipdirler. Bu ýerde ady belli geolog we syýahatçy, akademik W.A.Obruçew hem bolupdyr. Ol özüniň 1890-njy ýylda çap edilen «Zakaspiý oýlugy» kitabynda Garabil belentligine we bu ýerdäki emeli gowaklara ylmy taýdan ilkinji teswirlemäni ýazýar. ХХ asyrda bu ýere ençeme alym-geologlar, geograflar we arheologlar baryp görüpdirler. 1955-nji ýylda akademik G.A.Pugaçenkowa bu gowak toplumlaryny öwrenip, jikme-jik beýanyny ýazýar we desganyň X-XI asyrlara degişlidigi barada netijä gelýär. Emma, olaryň içinde ýüze çykarylan tapyndylar esasynda gelinen bu netije şübhe döredýär, sebäbi tapylan tapyndylaryň soňky asyrlarda dowam eden ýaşaýşyň şaýady bolmagy ähtimaldyr.
Ýekegowak iki gatdan ybarat bolup, gitdigiçe birneme beýgelýän, içine tarap 37 metre çenli uzaýan, göni gümmez görnüşli desgadyr. Onuň iki tarapyndan, biri-birine garşy, gönüburçly otaglar ýerleşendir. Otaglaryň her birinde ondan has kiçiräk otaga çykýan gapy deşikler bar. Bu otaglaryň otuz bäşisine baryp bolýar, galan birnäçesi bolsa opurylypdyr. Gowagyň käbir ýerlerinde içi tegelek çukurly tamjagazlar gurlupdyr. Bular gömülen guýular ýa-da azyk önümlerini saklamak üçin ýerler bolmagy ähtimaldyr. Birnäçe otaglarda ikinji gata çykmak üçin kertli basgançaklar çapylyp ýasalypdyr.
Däliziň düýbünde gadymy altary (hudaý ýoluna sadaka, gurbanlyk edilýän ýer) ýatladýan süýnmek şekilli tagça bar. Gowaga gün şöhlesiniň düşmeýänligi sebäpli diwarlarda çyradanlary ýerleşdirmek üçin öýjükler ýasalypdyr. Gowagyň içindäki otaglaryň biri, daşyndan göräýmäge sada bolsa-da beýlekilerden has tapawutlanýar. Onuň girelgesiniň we içiniň aýratyn yhlas siňdirilip bejerilendigi mese-mälim görünýär. Megerem, bu otagda ýerli hökümdar ýa-da taýpanyň baştutany ýaşan bolmagy mümkin.
Ýekegowagyň içiniň howasyny täzelemek meselesi şol döwürde nähili çözülendigi häzire çenli belli bolmasa-da, onuň otaglarynyň içi tomusda salkyn, gyşda bolsa, ýakylan oduň ýylysyny gowy saklaýar.
Gowagyň girelgesiniň öňündäki darajyk meýdançadan seredeniňde daş-töweregiň gözelligini, açyk howada bolsa birnäçe kilometr uzaklary synlap bolýar. Bu bolsa, şol döwürde ýaşaýjylar üçin iň bir möhüm zat bolup durýar. Gelýän howpy golaýlaşmazyndan öňüräk saýgarmaga we oňa garşy çäre görüp ýa-da gowakda gizlenip ýetişmäge mümkinçilik döreýär. Gowagyň girelgesi uçut gaýada ýerleşenligi üçin oňa barmak aňsat bolmandyr. Diňe aşakdan dik merdiwanlara bilen ýa-da ýokardan ýüpden sallanyp baryp bolupdyr. Bu kynçylyklaryň ýeke-täk maksady – gowagyň ýaşaýjylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaşaýyş jaýyň beýle çylşyrymly görnüşini kim, haçan we näme üçin gurandygy anyk belli bolmasa-da, alymlar birnäçe çaklamalary orta atýarlar. Meselem, Orta Aziýada şeýle görnüşli emeli gowaklar buddistleriň ýa-da hristianlaryň buthanalary höküminde gulluk edipdir. Şeýle ýadygärlikler Owganystanyň, Günorta Özbegistanyň, Günbatar Hytaýyň we Täjigistanyň çäklerinde ýüze çykaryldy. Ýekegowagyň otaglarynyň göni burçlary we gurluş tertipliligi ony tejribeli ussalaryň gurandygyna şaýatlyk edýär, şeýle-de gadymyýetde bu ýer adaty gizlin ýer bolman, umumy ýaşaýyş jaýly buthana toplumy bolan bolmagy ähtimaldyr. Bu çaklamany gowagyň düýbündäki gadymy doga okamak üçin niýetlenen altar hem tassyklaýar. Bu pikir dogry bolsa, onda Ýekegowagy II – IV asyrlara, hatda ondanam irki döwürlere degişli bolup biljegine esas döredýär.
Häzirki döwürde bu ajaýyp ýadygärlik «Gadymy Merw» medeni-taryhy goraghanasyna degişli bolup, syýahatçylar üçin açykdyr. Gowagyň agzyna barylýan ýere çenli garaýol gurulandyr we içini ýagtylandyrmak üçin elektrik çyralary çekilendir. Tejribeli hünärmenler bolsa, bu täsin ýerler barada gelýänlere gyzykly gürrüňler berýärler. Gözel ülkämiziň kerem-keramatly topragynyň haýran galdyryjy ýadygärligi bolan Ýekegowagy synlan her bir adam goja taryhyň alyslara uzap gidýän menzilleriniň içinde ägirt işleri bitiren, halallykda we agzybirlikde ýaşan, mertebeli, edermen, gahryman milletimiziň bu mübärek topragyň hakyky eýesi bolandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirip, özleri bilen ýatdan çykmajak täsirleri alyp gidýärler.
Şamyrat EÝÝUPOW,
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky
16-njy orta mekdebiniň mugallymy.