logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Poetry /Şygryýet - Näzik MÖWLAMOWA
  11.11.2022
1140
Şygryýet - Näzik MÖWLAMOWA

«Sowgat berdiň» 

Baýlyga tapylmaýan,
Bazarda satylmaýan,
Kyn günde ýykylmaýan
Söýgini sowgat berdiň.

Bolsun ýyl-ýyldan kämil,
Ýalňyz küregi gämiň,
Gyşyň gary deý tämiz
Duýgyny sowgat berdiň.

Oýunbazdyr bu pany,
Seljär günä, sogaby,
Bu ömrümiň dowamy,
Bagtymy sowgat berdiň.

A:t goşular adyňa,
Bat goşular badyňa,
Sen düşersiň ýadyma,
Bagtymy sowgat berdiň. 

«Ogul» 

Jan ogul, janym ogul,
Ýaplansam ýanym ogul!
Ösdürdim, ýetişdirdim,
Bagş edip barym, ogul!

Jägildäp dünýä indiň,
Ysgap, mähriňden gandym,
«Balam» diýip söýündim,
Bagtdan paýym, ogul!

Tanap agy-garany,
Başardyň ýöremäni,
Her sözden alyp many,
Goşuldyň sana, ogul!

Gapak boldy döşleriň,
Üýtgäp gitdi düýşleriň,
Käte çytdym gaşlarym,
Duýmadyň halym, ogul!

Bolduň munda sergezdan,
Sen ýekeje, gyzlar kän,
Ahyr gyssady nikaň,
Gowuşdyň taýa, ogul!

Taýly boldy bir başyň,
Synla töwerek-daşyň,
Bol bolsun nanyň-aşyň,
Ýetirsin käne, ogul!

«Bagtym» diýip seçeniň,
Ilki ýüzün açanyň,
Diýdirmesin «Gaçaýyn»,
Bagyş edip malym, ogul!

Geçer sagat, aý-günler,
Durmuş ýüzün täzelär,
Aladalaň käneler,
Tutarsyň yzym, ogul!

Ak bolar gitjek ýoluň,
Mydama pes tut päliň,
Aglatmagyn yhlasym,
Hakladyň duzum ogul!