Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Şygryýet - Dursun TEKÄÝEWA
  12.10.2022
1135
Şygryýet - Dursun TEKÄÝEWA

Pederime 

Seret, ýene güýz gelipdir,
Durnalar göçüpdir, kaka!
Akrabyň bol ýel-ýagmyry,
Sepini açypdyr, kaka!

Lybasy tylla zerewşan,
Sypaty misli bir jenan,
Güýz durşuna sahypkyran,
Nuruny saçypdyr, kaka!

Güýzde doglandyň senem,
Barkaň, bagtlydym neneň,
Ýoklugyňda günleň, ynan,
Mazasy gaçypdyr, kaka!

Indi niçe güýzleri men,
Sensiz garşy alýan kileň,
Öwütleriň tekgäm bolan,
Günlerim geçipdir, kaka!

Baý, otarardyk pelsepe,
Diýrdiň: «Göwün berme gepe»,
Ýaran bolup, haýra-nepe,
Arş sary uçupdyň, kaka!

Gel, uklamda düýşlerime,
Oý-pikirme, huşlaryma,
Ynha, buýra saçlaryma
Ak tozga gaçypdyr, kaka!

Seret, ýene güýz gelipdir,
Durnalar göçüpdir, kaka!
Iň bolmanda düýşümde bir
Göwnümi açyp dur, kaka! 

Derkar däl 

Söýýän diýmegiň derkar däl,
Onsuzam du:r gözleň aýdyp.
Ýaşyryn saklama duýgyň,
Ýaşlyk gitse, gelmez gaýdyp.

Duýgularmyz düwünmesin,
Tämiz söýgi galmasyn ät.
Arzuwlarmyz awunmasyn,
Özgä sary gitme sämäp.

Didäňde müň sowalyma,
Tapýan birin-birin jogap.
Umyt wysaldan hantama,
Tama yşka edýär togap.

Pynhan bakyşlaň derdime,
Melhemdir, şypaly emdir.
Janym, birje ýylgyryşyň,
Dünýäň bar genjine deňdir.

Dymyp sözleýän gözleriň,
Gursagma berýär teselli.
Bir ýerlerden peýda bolduň,
Kalbymyň ahy peseldi.

Söýýän diýmegiň derkar däl,
Didäň aýdyp du:r bar zady.
Yşk bagyndaky serwerim,
Kowduň ýürekden perýady.

Känelip barýar 

Saňa bolan duýgym könelip barýar,
Pikirlem başga ýan ýönelip barýar.
Öňler görüşmesek oňmazdyk welin,
Indi görüşmezlik känelip barýar.

Sadyr atan duýgularmy çyr-çytyr,
Hyllalla bolsa-da, goradym ýördüm.
Kalba söýgi bilen möhür goýanym,
Seni görenimden soradym ýördüm.

Gussa goş ýazdyrdy didelerimde,
Intizar umydym galdy müzzerip.
Ornap ham-hyýallar kalpda, serimde,
Ne günlere düşdüm saňa ýüz berip.

Giň dünýäniň gujagyna syganok,
Ynan, ýürek terk ederli göwräni.
Atygsaýar köňül gözgim çyrpynyp,
Bagt öýkelär, elden bersek döwrany.

Gel, günleriň synasyna gül çekip,
Gel, yşkymyz hakda bolsady ekip.
Kämil düýşleň ýorgudy deý bolup gel,
Bagt köşgüne bile gideli çykyp.

Durmuş

Durmuş bir ullakan gämi mysaly,
Dogry ugra ýüzse yzlabermeli.
Käte ol gäminiň ugry üýtgese,
Alyp dürs tarapa sazlabermeli.

Onuň synagy kän kämilleşdirýän,
Düşünseň sapakdyr öwrümleri oň.
Şoň üçinem ömrüňdäki güzaby,
Ýeňip geçip, bagta öwrülmeli soň.

Bagta barýan ýollar güzapsyz däldir,
Aňsat ýetilmeýär rysga, döwlete.
Bagtyň gujagynda ýerleşýär olar,
Hawa, olar bir gurşawda, döwrede.

Zähmet azabyndan gaçmasaň asla,
Ýa-da erjellikden çekmeseň eliň.
Bagtyň özi düşlär seň ykbalyňda,
Geler ojagyňa, öýüňe elin.

Haýra ýykgyn etseň, durmuşyň özi,
Çeker seň goluňdan, galdyr ebtiňden.
Halallyga uýsaň päk niýet bilen,
Perişdeler düşmezmişin kibtiňden.

Şonuň üçin durmuş atly gämide,
Ýagşylygy ýaran edinip ýaşa.
Erjel bol, bol zähmete ilgezik,
Şonda bagtly bolarsyňyz siz aşa.

«BEREKELLA» DIÝSENE 

Ynha, howlymyzy tämizläp çykdym,
Eje, maňa «berekella» diýsene.
Seret, seniňki deý gyzgyn nan ýapdym,
Eje, maňa «berekella» diýsene.

Şol sözüňi küýseýä-le, ýüregim,
Neden gözden gaýyp bolduň geregim,
Mähri umman, syrdam boýly deregim,
Eje, maňa «berekella» diýsene.

Gel, ikimiz bişireli çapady,
Goý, çöşlensin ýatlamalaň sapagy,
Bolup Arşyň ýere düşen çapary,
Eje, maňa «berekella» diýsene.

Uýalarym bilen ýatlap otyrys,
Hakyda depderin gatlap otyrys,
Çagalyk ýyllara ätläp otyrys,
Eje, maňa «berekella» diýsene.

Ak towuklar käkeleýär ketekde,
Ala göle bökjekleýär ýatakda,
Iň bolmanda, Arşdan yşyklap bak-da,
Eje, maňa «berekella» diýsene.

Berekellaň bilen ulaldyk bagtly,
Şol sözüňi eşitmek neneňsi bagtdy,
Neýleý, pelek şol bagta gussa gatdy,
Eje, maňa «berekella» diýsene.

EJIZLEMEN 

Ejizlemen, «ejizleme» diýipdiň,
Öwüdiň ýüregme gurbatdyr, käbäm.
Eňredeni ezizleme diýipdiň,
Pentleň paýhasyma nurbatdyr, käbäm.

Aýlara, günlere salym ýok eken,
Bir gidene gaýdyp gelim ýok eken,
Sensiz hiç bir zada çemim ýok eken,
Mähriň ykbalyma şerbetdir, käbäm.

Mert gördüňmi, goýup ötägitdigim,
Bilýäň-ä synaglaň ýowuz, betdigin,
Her sözüni kalba doga etdigim,
Eda süýegime serhetdir, käbäm.

Mysalasy arzuw kibi pägimdiň,
Seni ýatlap «huzuryňda» sägindim,
Wah, awundym, gideniňde awundym,
Takdyryň ömrüme mezhepdir, käbäm.

Käbäm, seniň öwüdiň

Kän ýerlerde azaşmakdan gorady,
Mähribanym, käbäm, seniň öwüdiň.
Kyn günümde maňlaýymdan diredi,
Mähribanym, käbäm seniň öwüdiň.

Aglajak bolamda aýap, göz ýaşym,
Egilse, belende galdyryp başym,
Ömür ýollarynda taplady basym,
Mähribanym, käbäm seniň öwüdiň.

Bagt terk edende meni äpberip,
Aljyradym, köşeşdirdi gop berip,
Manysydyr ömür atly depderiň,
Mähribanym, käbäm seniň öwüdiň.

Ene boldum, şükür, çäksiz şatlygym,
Duýdum, hasrat-gaýgyň ömre ýatdygyn,
Ýagşylyga  sary ädim ätdiren,
Mähribanym, käbäm seniň öwüdiň.

Ýadyrgatdy ömrüň kötel ýollary,
Eňkimi agdardy durmuş allary,
Dada ýetip, degre-daşym gallady,
Mähribanym, käbäm seniň öwüdiň.

Göç eýledi, ötegçiniň durnasy,
Ol meň üçin ýowuz synag gurnady,
Sensiz goýdy, ellerim ýer sermedi,
Tekge berdi, kalba guýan öwüdiň,
Käbäm barkaň, dünýe neneň, gowudy?!

Eje

Wah, geçen günleň gaýdymy,
Bolsady, bolsady, eje.
Seň bilen bile oturyp,
Ekerdim bolsady, eje.

Häh, şol günler bir dolanyp.
Gelsedi, gelsedi ,eje.
Soňsuz mähriňe ýylanyp,
Bir göwnüm gülsedi, eje.

Kän eken pelegiň oýny,
Synag — bu dünýäniň goýny,
Ine, meni sensiz goýdy,
Ýüregim selpedi, eje.

Gursagym tapman teselli,
Kä delmurdy, kä peseldi,
Öňde sensizlik keserdi,
Gam ýüzüm ýelpedi, eje.

Girdiň‐de, bir gün düýşüme:
«Mert bol, ekezlen!» ‐ diýşiňe,
Ak pata berdiň işime,
Ten demin dürsedi, eje!

Mähriňden mähir alanym,
Öwüdin kalba salanym,
Galyberdim‐le, elenip,
Eňretdiň gursagy, eje.

Pentlerin doga saýanym,
Üstümde ganat ýaýanym,
Mährine süňňüm çoýanym,
Synamyň gurşawy, eje.

Wah, geçen günleň gaýdymy,
Bolsady, bolsady, eje.
Seň bilen bile oturyp,
Ekerdim bolsady, eje.

«Mäşli unaşyňy küýsedim, eje» 

Seçelenip bir enaýy bişerdi,
Mäşli unaşyňy küýsedim, eje.
Ynha, ýene gyş düşüpdir daşarda,
Mäşli unaşyňy küýsedim, eje.

Gyş gelende bişirerdiň köp ony,
Dümewlemäň hemem ýoňlamaň diýip,
Hany, unaş kesen günleriň hany?
Ol günler gözlerden bolupdyr gaýyp.

Hawa, unaşyňy küýsedim, eje,
Çalasyn barmaklaň ezberdi oňa,
Eje bize unaş kesip bersene,
Kalbymda şu sözler ýaňlanýar diňe.

Gyşyň aldajy deý aýazlarynda,
Mäşli unaşyňy küýsedim, eje.
Ýaz golaýlap, gyş hem aýaklanynda,
Mäşli unaşyňy küýsedim, eje.

Eje 

Sen gideňsoň, garry öýmüz,
Galypdyr gugaryp, eje!
Öňki deý jüýjeli palaw,
Duranok, bugaryp eje!

«Baýry gyzym gelgin, oba»,
Durardyň çagyryp, eje!
Sen bolmaňsoň, gursajygym,
Jigleýär agyryp, eje!

Sözleriňden haraý tapdym,
Gözleriňden haraý tapdym,
Ejizläp, aýanja bagtym.
Galdym-la awunyp, eje!

Öwütleň ömre kökendi,
Sözleriň süňňüm sökerdi,
Diýrdiň:«Bu ýollar sökeldir!»,
Diň salýan säginip, eje!

Kalpda gussaň sepin açman,
Ýaşap ýörün serden geçmän,
Şana degen gara saçlam,
Başlapdyr agaryp, eje!

Ykbal hökümin ýöredip,
Synag ömrümde ýer edip,
Ýyllar tiz hem-de gyradeň,
Geçip dur syrygyp, eje!

Sen gideňsoň, garry öýmüz,
Galypdyr gugaryp, eje.
Öňki deý jüýjeli palaw,
Duranok bugaryp, eje!

Dursun TEKÄÝEWA, şahyr.