logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular
  11.07.2026
599
Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular

Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda halkara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar

MARY — 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

 

Duşuşyga ilçihananyň orunbasary hem-de Sebitleýin hyzmatdaşlyk edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary, şeýle-de ilçihananyň syýasy geňeşçisi gatnaşdy. Myhmanlar ilki bilen institutyň täze goşmaça okuw binasynda ýaýbaňlandyrylan ylmy we taslama işleriniň sergisi bilen tanyşdylar, soňra bolsa mejlisler otagynda iki taraplaýyn gepleşikler geçirildi.

 

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ýewropa Bileleşigi we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen bilelikde durmuşa geçirýän halkara taslamalary barada pikir alşyldy. Şeýle hem geljekde ylmy-bilim, tejribe alyşmak we halkara taslamalary durmuşa geçirmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Duşuşyk iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

 

Oguljan Myradowa
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty