Flora dünýäsinde mälim bolan ösümlikleriň biri-de suwda hem ýerde ösýän kyrkbogun ýa-da suw greçihasydyr. Görnüşiň latynça ady – Persicaria amphibia. Onuň ýerüsti we suw görnüşleri bolýar. Kök görnüşinde bölekleýin synalary bilen suwda-da doly ýaprakly ösümlik görnüşinde ýaýrap ösýär. Onuň baldaklary morfologiki taýdan gaty tapawutlanýar. Bu ösümlige Demirgazyk ýarym şaryň mylaýym zolagynda, Ýewropada, Aziýada, Demirgazyk Amerikada, Demirgazyk Afrikada hem köp duş gelmek bolýar. Suw görnüşiniň çeýe baldaklary bolup, iki metr çuňluga çenli çümýär, ýapraklary aşak gitdigiçe azalýar, suwuň ýüzüne has ýaýrap başlaýar, ýüzýän ýapraklar 2–8 sm uzynlykly şahalarda ýerleşýär.
Abdyresul ATANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Ýapraklary çeýe, mehaniki dokumalary az, daşy tekiz we mum bilen örtülen. Gülleri tomsuň başynda suwuň üstünde açylýar. Ýerüsti görnüşinde kökler topraga 50 sm çuňluga çenli girýär, ýatýan ýa-da dik ösýän baldaklary bir metre çenli ösýär. Esasy şahalar köplenç ýer ýüzünde bolýar. Tohumlar we ýapraklar artykmaç izolýasiýadan goramak üçin açyk reňkde bolýar. Gury ýerde ösýän görnüşi suw görnüşi ýaly uzyn baldaklary alyp bilmeýär, sebäbi ol has dykyz gurşawda ýaşaýar. Şeýle hem, gury ýer görnüşiniň ýapraklary çeýe däl, ýöne has berk, uzynlygy 4–14 sm we ini 1–3 sm. Şeýle hem suw howdanlarynyň gyralarynda ýaşaýan aralyk görnüşi-de bar. Gury ýer we suw görnüşleriniň arasyndaky tapawutlar diňe bir morfologiki taýdan däl, eýsem anatomiki taýdan hem tapawutly.
Has dykyz gurşawda ýaşamaklyk köp sanly mehaniki dokumalara bolan zerurlygy, şeýle hem artykmaç izolýasiýadan goranmagyň zerurlygyny aradan aýyrýar. Ýöne ýüzýän ýapraklaryň daşky ýüzi baý mum gatlagy bilen goralýar. Gaz çalşygy suwuň siňdirilişi ýaly gönüden-göni ösümligiň ähli ýüzünde bolup geçýär. Uly öýjükli boşluklar gazlary saklamaga hyzmat edýär.
Suwda çümdürilen ýapraklar inçe, adatça suwda erän kömürturşy gazyny has gowy almak üçin bölünýär. Bu uýgunlaşma suw howdany guran ýagdaýynda has hem peýdaly. Ýapragyň biohimiki düzüminde fotosintetik fermentleriň we flawonoidleriň konsentrasiýasy ýokary.
Geçirilen synaglar, bu tropiki suw ösümliginiň etile täsiriniň ýerüsti ösümliklerde suwasty ýapraklaryň döremegine sebäp bolýandygyny görkezdi. Çyglylykdan başga-da, ýapragyň emele gelmegine günüň uzynlygy we ýagtylyk spektri täsir edýär. Suw astyndaky ýapraklar suwuň ýüzündäki we ýerdäki görnüşlerden tapawutlylykda gysga fotoperiod bilen 10 sagada çenli wagtda emele gelýär, şeýle ýapraklar diňe suwa çümdürilen baldaklarda ösýär. Synaglarda ýerüsti bölünen ýapraklar diňe uzyn fotoperiodlarda we ýer şertlerinde emele geldi, suw görnüşiniň ýüzýän ýapragy bolsa diňe uzyn fotoperiodlaryň we suwuň aşagynda emele geldi.
Ösümlik möwsümleýin suw joşmagyna hem çydamly, ýerüsti suw joşmagy gury ýer görnüşiň suw görnüşine öwrülmegine itergi berýär. Suw görnüşi organiki birleşmelere baý suwlarda ösüp bilýär. Gurakçylyk we güýçli ýeller suw görnüşi ýerüsti görnüşe geçmäge mejbur edýär. Ösümligiň kökleri çalt ösýär, ýagny günde 50 mm çenli, şonuň üçin köller, suw howdanlary we haýal akýan derýalar onuň bilen çalt köpelip biler. Hatda çygly şertlerde ösümlikden bölünen baldak bölekleri-de aňsatlyk bilen kökleri emele getirýär. Ol suw we ýarym suw ekosistemalarynyň möhüm elementidir.
Ýüzýän ýapraklary we suwuň ýokarsyndaky bölekleri suw jandarlary üçin iýmitlik we özboluşly gaçybatalga bolup hyzmat edýär, tohumlaryny suw guşlary aňsatlyk bilen iýýärler. Işjeň ösýänligi sebäpli bu görnüş käwagt haşal ot bolup hem görünýär we suw gurşawyna zelel ýetirýär. Ýöne beýleki suw ösümlikleri bilen deňeşdirilende ol daşky gurşawyň hapalanmagyna we suw desgalarynyň ewtrofikasiýasyna gaty ýokary garşylyk görkezýär. Onuň suwda simap we gurşun ýaly suw hapalaýjy maddalaryň derejesini azaltmaga kömek edip biljekdigi geçirilen synaglar arkaly subut edildi.