26-njy ýanwarda, Mary welaýatynda iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.
Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek hem-de mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek barada ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde görlen çäreler, suwdan rejeli peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, maldarçylyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmagyň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we mallaryň baş sanyny artdyrmagyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny düýpli özgertmek strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we olary aýawly saklamagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz sowuk howa akymynyň gelmegi bilen baglylykda, welaýatyň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw akymyny almak, kenarlary berkitmek, suw akabalaryny arassalamak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Wise-premýer sebitlerde ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda», şeýle-de «Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda» Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. Şol resminamalara laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, şondan 1 million 250 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňümizdäki möwsüm üçin geçirilýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleriniň, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny öz wagtynda taýýarlamagyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.