Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Birleşen Milletler Guramasynda adam hukuklary ✦ ✦ Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklary çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Magtymguly — dünýä şahyry ✦ ✦ Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy ✦ ✦ Türkmen futbolçylaryndan 3 baýrakly orun «AFL Kids Cup-2024» halkara ýaryşy ✦ ✦ Azerbaýjanyň «Zangilan» tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistana getirdi ✦ ✦ “Türkmengaz” we “ADNOC” gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy gözden geçirdiler ✦ ✦ Parižde Olimpiýa oýunlary badalga alar ✦ ✦ Ýaşlar baradaky alada döwletimiziň ileri tutulýan wezipesidir ✦ ✦ Dalaşgärler üçin orta hünär okuw mekdepleriň sanawy - 2024 ✦
Baş sahypa / Sport /Sport – sagdynlyk hem ruhubelentlikdir
  22.02.2023
643
Sport – sagdynlyk hem ruhubelentlikdir

Ruhubelentligiň hem sagdynlygyň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesliň, ähli raýatlaryň bagtyýar ýaşaýşyny, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hem üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň dürli künjeklerinde saglygyňy berkidiji lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, dermanhanalaryň, saglyk merkezleriniň, saglygy goraýyş desgalarynyň, sport mekdepleriniň köp sanly toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi we olarda ähli şertleriň döredilmegi bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda beden saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin ähli zerur bolan şertler bar. Saglyk – ynsan üçin ähli zadyň gözbaşydyr, saglygyňy berkitmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Döwletimiziň baş baýlygy bolan raýatlarymyzyň, mähriban halkymyzyň saglygy, asuda ýaşaýşy, nesillerimiziň bagtyýarlygy hakyndaky taýsyz tagallalar giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzda häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňden ösdürilip, sportuň ençeme görnüşleri işjeň ösdürilýär we oňa ýaşlaryň uly topary çekilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde sport jemgyýetimiziň, aýratyn hem ýaş nesilleriň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artýar we onuň jemgyýetdäki wajyplygy ýokarlanýar. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan ýaş ýetginjekleriň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir ökde türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň sagdyn bolmagynda hem wajyp görkezijidir. Bularyň ählisi Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň sagdynlygy, ruhubelentligi we bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyrylýan beýik taglymatynyň miweleridir. Häzirki wagtda sportuň ösdürilmegine uly ünsüň berilýän şeýle ajaýyp döwründe türkmen türgenlerimiz halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ýaşyl Tugumyzy belentde pasyrdadyp, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da belende göterýärler. Türgenlerimiziň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan uly üstünlikleri, baýrakly orunlary Arkadagly Serdarymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge berýän ünsüniň ýokarydygyndan habar berýär. Ýurdumyzda sportuň batly depginde ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin bagtyýar ýaşlar, bagtly nesiller hormatly Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. 

 

Annamuhammet BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň mugallymy.