Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Şowlulygy hemra edineýin diýseň...
  04.01.2023
1245
Şowlulygy hemra edineýin diýseň...

Şowlulyk getirýän güller. Gündelik durmuşda otag güllerini ösdürip ýetişdirmek bilen içgin gyzyklanýanlar haýsy gülleriň şol öýe şatlyk, baýlyk getirýändigini bilýändirler. Hünärmenler baýlygy, şatlygy, üstünligi alamatlandyrýan kaktusy, gerany, krasulany öýde saklamaklygy maslahat berýärler.

«Jadyly» daşlar. Tebigatda duş gelýän daşlaryň her biriniň özboluşly häsiýeti, kesel bejerijilik täsiri bolýar. Şeýle daşlara pöwrize, rubin, gyzyl ýaşma, ýantar, mähek ýaly görnüşler degişli bolup, şol daşlardan ýasalan şaý-sepleri dakynmaklyk şowlulyk getirýär diýlip ynanylýar. Daşlaryň şeýle häsiýetlerini öwrenýän ylma litomagiýa diýilýär.

Şowlulyk getirýän sanlar. Sanlary öwrenýän bilermenleriň pikiriçe, sanlaryň içinde içinde 7-lik san şowly sanlaryň biri hasaplanýar. Şeýle-de doglan günüň senesi şol ýyldyzlaryň astynda doglandygyňy aňladyp, her ýyldyzyň özüne degişli şowly sanlary bolýar.

Ruhubelentlik eçilýän reňkler. Esasan hem reňkleriň arasynda gyzyl reňk energiýa beriji, şowlulyk döredýän reňkleriň biridir. Şol sebäpli köp ýerlerde islendik bina ýa-da desga açylanda gyzyl reňkli lenta kesilýär we bu adat şol ýere üstünlik, şowlulyk getirýär diýlip ynanylýar. Ýaşyl reňk saglyk getirýän, girdejini artdyrýan reňk hasaplanylýar. Şeýle hem dürli ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň özleriniň ynanýan, ruhy ýagdaýyna täsir edýän reňkleri bolýar.

Şatlyk paýlaýan sazlar. Gündelik durmuşda köp adamlar dürli sazlary diňlemegi halaýar. Saz sungaty özüniň köpdürliligi bilen tapawutlanyp, onuň islendik görnüşi-de adamyň ruhy dünýäsine täsir edýär. Rahatlandyryjy sazlar ynsany asuda edýär, şadyýan sazlar bolsa adamyň şähdini açyp, ruhuny göterýär.

Üstünlige ruhlandyrýan suratlar. Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ösmegi bilen, gündelik durmuşda ulanylýan ykjam telefonlaryň ýa-da kompýuterleriň ekranynda, iş otagynda her adam islegine görä dürli suratlary ýerleşdirýär. Bu suratlara günüň dowamynda 150-200 gezek seredilende, adamyň aňynda surata görä dürli pikirler jemlenýär. Meselem, täze zähmet ýoluna gadam basan ýaşlara bürgüdiň belentlikdäki suratynyň, gözellik we rahatlyk isleýänlere kebelegiň, iş ýerlerinde bolsa köplenç maşgala suratlarynyň goýulmagynyň uly täsiriniň bardygy öňe sürülýär.

Aslynda, üstünligiň açary biziň özümizde jemlenendir. Üstünlik ynamdan başlanýar. Özüňe bolan ynam üstünlige barýan ýoldur. Çünki iň uly üstünlik islendik işde şowlulygyň ýar boljakdygyna bolan belent ynamdyr we şol ynama bolan garaýyşdyr.  

 

Gülöwser KURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.