logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Soňky 5 ýylyň iň erbet heläkçiligi! Nepalda ýolagçy uçary heläkçilige uçrady!
  16.01.2023
1307
Soňky 5 ýylyň iň erbet heläkçiligi! Nepalda ýolagçy uçary heläkçilige uçrady!

15-nji ýanwarda, Nepalyň merkezindäki Pokhara sebitinde 72 adamlyk ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. Paýlaşylan soňky maglumatlara görä, heläkçilikde 68 adam pida bolupdyr we 4 adam dereksiz ýitipdir. Häzirki wagtda dereksiz ýitenleri gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. «Reuters» habar gullugy bu heläkçiligiň soňky 5 ýylyň iň erbet heläkçilikdigini mälim edýär.

Paýtagt Katmandudan Pokhara tarap ýola düşen we «Yeti» howa ýollaryna degişli bolan «ATR 72» kysymly ýolagçy uçary Seti derýasynyň jülgesiniň golaýynda heläkçilige uçrady.

Nepalda bu pajygaly waka sebäpli milli ýas yglan edildi. Heläkçiligi derňemek boýunça gyssagly topar döredildi.

Belläp geçsek, ýolagçy uçarynda 5 hindi, 4 rus, 2 günorta koreý we 53 nepal şeýle hem Irlandiýa, Awstraliýa, Argentina we Fransiýa ýaly ýurtlaryň raýatlarynyň bardygy mälim edilýär.