logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Smart tehnologiýalar: häzirki döwrüň innowasion ösüşiniň esasy ugry
  24.12.2025
537
Smart tehnologiýalar: häzirki döwrüň innowasion ösüşiniň esasy ugry

Häzirki döwürde smart tehnologiýalar jemgyýetiň ähli ugurlaryna çalt ornaşyp, adamyň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirýän möhüm innowasion gurallara öwrüldi. “Smart” düşünjesi maglumatlary ýygnap, seljerip we awtomatiki ýagdaýda çözgüt kabul edip bilýän akylly ulgamlary aňladýar. Bu tehnologiýalar emeli aň, internet of things (IoT), uly maglumatlar (Big Data) we bulut hasaplamalary bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

 

Smart tehnologiýalar ilki bilen aragatnaşyk we maglumat alyş-çalşygy ulgamynda giňden ulanylyp başlandy. Akylly telefonlar, planşetler, akylly sagatlar diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem bilim almak, saglyga gözegçilik etmek we iş dolandyrmak üçin hem peýdalanylýar. Bu ýagdaý adamyň wagtyny tygşytlamaga we işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

 

Şeýle hem smart tehnologiýalar senagatda we ykdysadyýetde möhüm orny eýeleýär. Akylly zawodlar (smart factory) awtomatlaşdyrylan önümçilik arkaly çykdajylary azaltmaga we önümiň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Energiýa ulgamynda akylly hasaplaýjylar sarp edilişi gözegçilikde saklamaga we tygşytlylygy üpjün etmäge kömek edýär.

 

Netijede, smart tehnologiýalar häzirki döwrüň ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülip, jemgyýetiň sanly geljegini şekillendirýär.

 

Geldimyrat GYLYJOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.