logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Serhet goşunlary asudalygyň goragynda.
  11.09.2021
884
Serhet goşunlary asudalygyň goragynda.

Hormatly belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan syýasatlary netijesinde, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe serhet goşunlarynyň maddy-tehniki binýady has-da berkeýär. Ýagny, Milli Liderimiziň goşuna alyp berýän häzirki zaman, iň kämil ýaragdyr tehnikalary, enjamlary we beýleki serişdeleri barmak basyp sanardan köp. Şonuň ýaly-da harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, olaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekde ýeňillikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň gymmatly wagtyny sarp edip, serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş hem gulluk şertleri bilen tanyşmak, täze serhet galalaryň we ýörite maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň DSG-nyň harby bölümlerinde birnäçe gezek iş saparlarynda boldy. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 11-nji awgustynda serhetçileriň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynda Döwlet serhet gullugyna degişli bolan “Garşy” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu dabara mynasybetli, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet serhet gullugy üçin täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Bu waka merdana serhetçiler üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.