logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Economics /Sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär
  28.03.2025
1843
Sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Ýaňy ýakynda paýtagtymyzda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

 

Forumda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň esasy mowzuklary sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, ulag we üpjünçilik taslamalary boldy. Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan elektrik geçirijisi ýaly iri taslamalaryň geoykdysady ähmiýeti nygtaldy.

 

Maslahatyň çäklerinde gatnaşyjylar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirip, geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda, Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara derejesinde durnukly ösüşe goşýan goşandy barada pikir alşyldy we geljek üçin täze başlangyçlaryň esasy ugurlary kesgitlenildi.

 

Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Maslahat bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmak we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin möhüm platforma boldy.

 

Maral Jumamyradowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen
döwlet mugallymçylyk institutynyň
Pedagogika fakultetiniň ll yyl talyby.