Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bejeriş ähmiýetli çeşme ✦ ✦ «EKSPO 2025» gurnaljak Türkmenistan Milli pawilýony tanyşdyryldy ✦ ✦ Ýurdumyzda sportuň täze fijital görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler ✦ ✦ Koreý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna gatnaşar ✦ ✦ Akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli täze kitaplar neşir edildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby üç dilde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistan we TÜRKSOÝ köpugurly hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly ✦ ✦ Türkmen medeniýeti dabaralanýar ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Saýlawlar göni ýaýlymda görkeziler!
  25.03.2023
388
Saýlawlar göni ýaýlymda görkeziler!

Ertir — 26-njy martda ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary türkmenistanlylar üçin öz gapylaryny açarlar. Ildeşlerimiz konstitusion hukugyndan peýdalanyp, Mejlisiň deputatlygyna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň has mynasyplaryna ses bererler we özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý ederler.

Şu gün ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda doly taýýarlyk yglan edildi. Olaryň her biri ses bermek üçin gutular, şol sanda göçme gutular, saýlaw býulletenleri we ähli zerur sowal-jogap hem-de usuly edebiýatlar bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin ýörite kabinalar bilen üpjün edilen ýerler taýýarlanyldy. Her bir saýlaw uçastogyna ygtybarly aragatnaşyk enjamlary, ulag serişdeleri berkidildi. Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynyň 240-synda işleriň gidişi sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Munuň özi saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçýändigine, olarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk eder.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan boýunça jemi 14 müň 872 dalaşgär hödürlenildi hem-de bellige alyndy. Olardan 258-si Mejlisiň deputatlygyna, 515-si welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna, 2001-si etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 12 müň 98-si Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlerdir. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, dürli hünärleriň hem-de milletleriň wekilleri bar. Demokratik partiýadan 6 müň 241 dalaşgär, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 523 dalaşgär, Agrar partiýadan 3577 dalaşgär, şeýle-de raýatlar toparlaryndan 4531 dalaşgär bellige alyndy. Dalaşgärler belli bir saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň umumy ýygnagy tarapyndan hödürlenildi. Tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Mejlisine 125 deputat saýlanylar. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 240-synda, etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 960-synda, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bolsa saýlaw okruglarynyň 5897-sinde geçiriler. Ses bermek üçin 2644 saýlaw uçastogy döredildi. Ses bermäge hukugy bolan jemi 3,5 million saýlawçy bellige alyndy.

Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, Mejlisiň deputatlarynyň saýlaw möwsüminiň iň möhüm tapgyrlarynyň biri — wagyz işlerini geçirmek tapgyry tamamlandy. Ertir — 26-njy martda bolsa sagat 7:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen uçastoklarda ses berler.

 

Çeşme: Turkmenmetbugat.