Gündelik durmuşda jöwzaly tomus günlerinde, ýagynly howada ýygy-ýygydan peýdalanylýan saýawanyň gelip çykyşy öz gözbaşyny irki wagtdan alyp gaýdýar. Aslynda, geçmiş taryhda saýawan ýagyşdan, çygly howadan goranmak üçin däl-de, günüň güýçli şöhlesinden goranmak üçin oýlanyp tapylypdyr. Saýawan sözi «umbros» diýen latyn sözünden gelip çykyp, ol «kölege» diýen manyny berýär. Günden goraýjy ilkinji saýawanlar 4000 ýyl mundan ozal gadymy Müsürde döräpdir. Ilkinji saýawanlaryň ýasalyşy örän ýönekeýje hem sada bolupdyr. Saýawan 2 gatlakdan ybarat bolup, onuň ýokarky gatlagy palma agajynyň ýapragyndan ýasalyp, ol günden goraýjy wezipäni ýetiripdir, aşaky gatlagy bolsa ýapraklary saklamak üçin tutawaç taýakdan ýasalypdyr.
Saýawanlar ilkibaşda baý, ýokary gatlakdan bolan adamlar hem-de patyşalar, hanlar tarapyndan köp ulanylypdyr.
Ilkinji suwa çydamly saýawanlar Hytaýda XI asyrda ýüze çykypdyr. Ol saýawanlar ýüpekden taýýarlanylyp, baý hem gurply maşgalalar tarapyndan ulanylypdyr. Soňabaka bu saýawanlar Ýewropa ýurtlarynyň köpüsine ýaýrapdyr. Şol döwürlerde saýawanlar gadymy Gresiýada hem-de Italiýada zenan maşgalalar tarapyndan bezeg hökmünde ulanylypdyr. Saýawanlaryň ýapylyp açylmak mümkinçiligi hem bolupdyr. Ýöne şol döwür bu saýawanlar baý adamlar tarapyndan ulanylsa-da, olary hyzmatçylary göteripdir. Käwagtlar ýiti gün şöhlesinden goranmak maksady bilen saýawanlar at goşulan araba ýa-da paýtuna birikdirilipdir.
XVI-XVII asyrlarda Ýewropa ýurtlarynda saýawanlar giňden ýaýrap başlapdyr. Şol döwrüň saýawanlary ýüpek, deri, ýelek we gymmatbahaly materiallardan öndürilipdir. XVIII asyrdan başlap, ýagyş damjasyndan goranmak üçin saýawanlar gündelik durmuşda diňe bir zenanlar tarapyndan däl-de, erkek adamlar tarapyndan hem ulanylyp başlanypdyr. Täze tehnologiýalaryň, önümçiligiň ösmegi netijesinde täze önümler satuw bazarlaryna ornap başlapdyr we netijede gün saýawanynyň ýerine günden goranmak üçin başgaplaryň ýüze çykanlygy sebäpli saýawanlar ýagyşdan goranmak maksady üçin ulanylyp başlapdyr.
Läle ÝEDIGAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.