logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Society /Şaý-sepleriň dilinden söz açan forum
  06.04.2025
711
Şaý-sepleriň dilinden söz açan forum

2025-nji ýylyň 24-26-njy marty aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde “Oks hazynasynyň gözbaşynda” atly Halkara zergärçilik forumy we sergisi geçirildi. Forum, takmynan, 50-ä golaý täjik zergärçilik kärhanalaryny, hususy ussalary we dizaýnerleri, şeýle hem 200-den gowrak daşary ýurtly gatnaşyjylary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň wekillerini ýygnady.

 

Forumyň esasy maksady Täjigistanyň zergärçilik sungatynyň halkara derejesinde wagyz edilmegi, tejribe alyşmak we innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly pudagyň ösdürilmegi boldy. Çäräniň dowamynda plenar mejlisler, bilim sessiýalary, zergärçilik enjamlarynyň sergisi, şaý-sepler ýarmarkasy, moda görkezilişleri we ussatlyk sapaklary geçirildi.

 

Foruma gatnaşan ýurtlaryň hatarynda Türkmenistan hem bar. Türkmen wekiliýeti, milli zergärçilik sungatynyň özboluşly nusgalaryny we däp-dessurlaryny halkara jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, bu çärä gatnaşdy. Türkmen zergärleriniň sergisinde milli nagyşlar bilen bezelen altyn we kümüş şaý-sepler, şeýle hem gymmat bahaly daşlar bilen bezelen bezegler görkezildi. Bu eserler, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň we zergärçilik sungatynyň ýokary derejesiniň aýdyň mysaly boldy.

 

Türkmen sergisinde görkezilen şaý-sepler milli aýratynlyklary bilen tapawutlandy. Esasan-da, zenanlaryň geýimleriniň aýrylmaz bölegi bolan monjuklar, bilezikler, gulakhalkalar we boýunmonjuklar sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bu şaý-sepler, diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem, türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti bilen bagly çuňňur many-mazmuna eýedir.

 

Duşenbede geçirilen Halkara zergärçilik forumy we sergisi, dürli ýurtlaryň zergärçilik sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi. Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we milli şaý-sepleriniň sergilenmegi, türkmen zergärçilik sungatynyň halkara derejesinde tanalmagyna we onuň baý mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine uly goşant boldy. 

 

Läle BERDIÝEWA, 

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.