logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
  26.01.2024
831
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Düýn Sarahs etrabynyň 13-nji orta mekdebinde “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu maslahata mekdep okuwçylary, mugallymlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.

 

 

Bu maslahatda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Kakageldi Akmyradow hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap geňeşiniň başlygy Döwran Nowruzow geljekde hünär saýlamak temasy boýunça çykyş etdiler. Mundan başga-da maslahatyň dowamynda ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

 

 

Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Sarahs etrap Geňeşiniň guramagynda geçirildi.

 

 

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.