logo

Latest news:
✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦
Home / Agriculture /Sarahs etraby 48 müň 100 tonna bugdaý hasylyny almagy maksat edinýär
  28.05.2025
782
Sarahs etraby 48 müň 100 tonna bugdaý hasylyny almagy maksat edinýär

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamynda öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň çäginde möwsümleýin oba hojalyk işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň gallaçy kärendeçileriniň 2025-nji ýylyň bugdaý oragyna görýän taýýarlyklaryny görkezmek bolar.


Döwlet habarlar gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, şanly ýylda Sarahs etrabynyň daýhanlary 22 müň 900 gektar meýdanda ekilen guşgursak ak bugdaýdan 48 müň 100 tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Ýetişdirilen bugdaý hasylynyň döwlete bellenilen möçberde we öz wagtynda tabşyrylmagy ugrunda häzirki wagtda oraga taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär.


Bu ugurda, etrapda däne oragyny ýokary öndürijilik bilen geçirmek üçin 55 sany kombaýn taýýarlanyldy. Şeýle hem, ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş ammarlaryna bökdençsiz daşamak üçin dürli görnüşli 275 sany awtoulag bilen üpjünçilik işleri doly derejede ýola goýuldy. Orag möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi üçin hyzmat ediş toparlarynyň işi hem talabalaýyk utgaşdyrylýar.


Şeýle giň gerimli oba hojalyk işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi maksady bilen, galla oragyna gatnaşjak mehanizatorlaryň, awtoulag sürüjileriniň we tehniki hyzmat işgärleriniň arasynda ýörite okuw maslahatlary geçirilýär. Bu maslahatlarda tehniki howpsuzlygyň berk berjaý edilmegi, ýangyn howpunyň öňüni almak boýunça degişli görkezmeler berilýär we işgärleriň möwsümde sazlaşykly iş alyp barmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.


Sarahs etrabynyň gallaçylarynyň güýzde eken tohumlarynyň şu günki gün bol hasyla öwrülmegi, ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hem-de oba hojalyk ulgamynyň durnukly ösüşine mynasyp goşantdyr.


Sähet Halmyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.