Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Syýasat /Şanly ýylyň şygary döwrümize şan getirsin!
  04.04.2023
601
Şanly ýylyň şygary döwrümize şan getirsin!

Täze taryhy eýýamda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri baradaky meseleler hemişe üns merkezinde durýar. Eziz ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegi hem ata Watanymyzyň ýagty ertiri bolan ýaş nesiller bilen baglanyşdyrylýar. Öňde goýlan beýik hem asylly maksatlara ýetmekde ýaşlara uly orun degişlidir. Munuň şeýledigini şanly ýylymyzyň şygarynda hem aýdyň duýmak bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň netijeli ugurlary «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapýar. Ata Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun alan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly ýaş raýatlarymyz üçin täze-täze mümkinçilikleri açýar. Ýaşlar eziz Watanymyzyň beýik geljegini bina edijilerdir, jemgyýetimiziň iň bir işjeň bölegidir. Hut şonuň üçin hem Türkmenistan Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi, aýdyň geljegi ýaş nesiller bilen berk baglanyşdyrylýar. Biz bu gün, ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýä ýüzünde uly-uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlaryna buýsanýarys. Ýaşlaryň syýasy-ykdysady, medeni işlere has giňden goşulyşmagyny, olaryň watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenilmegini gazanmak, ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň başlangyçlaryny goldamak maksady bilen netijeli işleriň ählisi ýola goýulýar. Ýaşlary päk ahlakly, watançylyk ruhunda terbiýelemek, kämil bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, häzirki ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek ýaşlar baradaky asylly çäreleriň baş maksadydyr. Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi üçin hem ähli şertler döredilendir. Telekeçiler tarapyndan döredilen, işgärleriniň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolan kärhanalara «ýaşlar kärhanasy» adyny dakmak we olara döwlet goldawyny bermek boýunça oňyn işler badalga aldy. Şeýle-de ýaşlaryň bilim almagynyň üznüksizligini gazanmak maksady bilen, mekdep uçurymlary üçin harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmeklik hem bellärliklidir.

Halkara hyzmatdaşlyga goldaw bermek, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak maksady bilen, dürli ýurtlaryň ýaşlar guramalary we abraýly düzümler bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn» diýip bellemegi ýaşlaryň kalbynda uly buýsanç döretdi. Ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaşlaryň eziz Watanymyzyň berkararlygyny, gülläp ösüşini pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, abadançylygyny üpjün etmäge, dünýä ýüzündäki at-abraýyny belende galdyrmaga goşýan mynasyp goşandy rowaçlanýan döwrümize şan getirsin, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Islambek ALLAMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň 
Şabat etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.