logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Culture /Şanly senä bagyşlandy
  10.12.2020
749
Şanly senä bagyşlandy

      Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli «Ak bugdaý» muzeýine baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli syýahat guraldy. Syýahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasy hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.

       Syýahata gatnaşyjylar muzeýiň sergi bölümlerine aýlanyp gördüler. Muzeý hünärmenleri bölümleriň aýratynlyklary we olarda saklanýan taryhy gymmatlyklardyr maglumatlar barada myhmanlara täsirli gürrüň berdiler. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, binanyň 1-nji we 2-nji gatlaryny arheologiýa, oba hojalyk we ekerançylyk, etnografiýa hem-de Berkararlyk atly sergi bölümleri tutýar. Halkymyzyň gadymy ekerançylyk medeniýetini, ata-babalarymyzyň baý mirasyny açyp görkezýän gymmatlyklar has-da ünsi çekijidir. Gadymy Änewiň taryhy depelerinden gazuw işleri netijesinde tapylan, 5 müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri muzeýiň iň naýbaşy  gymmatlygydyr.

      Syýahata gatnaşyjylar halkymyzyň baý taryhyny, medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmek hem-de wagyz etmek babatynda alkyşly sözlerini aýtdylar.