logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Politics /«Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär!
  24.06.2023
1575
«Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär!

23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly nesilleriň kemala gelmegi üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýändigini nygtady. Bu işler mundan beýläk-de dowam etdiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň sanly ulgamy ösdürmek babatda gazananlaryny, işläp taýýarlamalaryny hem-de tejribesini milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna, önümçilige giňden ornaşdyrmagyň, bu işleri sazlaşykly guramagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmegiň uly ähmiýetini belläp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.