logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Syýasat /Samarkantda medeni çäreler geçirildi
  26.04.2025
1645
Samarkantda medeni çäreler geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew "Silk Road Samarkand" halkara syýahatçylyk merkezindäki "Baky şäher" taryhy-etnografiýa seýilgähinde geçirilen medeni çärelerde gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy maglumat berýär.

 

Çäräniň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň medeni mirasyna bagyşlanan sergini synladylar, halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň nusgalary bilen tanyşdylar. Horeografiýa toparlarynyň çykyşlary bolsa çärede baýramçylyk ruhuny döretdi.

 

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti "Hazrati Hizr" ýadygärlik toplumyna baryp, Özbegistanyň ilkinji Prezidentiniň hormatyna hatyralama dabarasyna gatnaşdylar.

 

Şeýle hem, 21-23-nji aprel aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana we Gyrgyzystana resmi saparlarda boldy.

 

Begençgeldi GUWANJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.