logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Health /Saglyk – ynsanyň gymmatly baýlygy
  24.01.2023
976
Saglyk – ynsanyň gymmatly baýlygy

«Saglyk – ynsanyň depesindäki altyn täçdir» – bu jümle ynsan ýaşaýşynyň esasy şertlerini, tutuş durmuşyny kesgitleýär. Saglyk abadan ýaşaýşyň esasy şerti bolup çykyş edýär. Sagdynlyk öz-özünden kemala gelmeýär, ol gazanylýar. Durmuşda sagdyn adamlaryň ýaşaýşa bolan hyjuwy hem başgaça bolýar. Saglygyň gadyry we adamyň öz saglygyna bolan garaýşy onuň öňünde goýan maksatlaryny hem öz içine alýar. Saglyk ynsan durmuşyna gözellik çaýýar, ony ýagşylyk etmäge ruhlandyrýar. Sagdynlyk düşünjesi her bir adamyň, jemgyýetçilik gatlaklarynyň hem-de tutuş jemgyýetiň sagdyn bolmagyny göz öňünde tutýar. Jemgyýet sagdynlygynyň gadyry bolsa, onuň her bir agzasynyň durmuşdaky bar bolan mümkinçiliklerini amala aşyrmakdaky ähmiýetinden ugur alyp kesgitlenýär. Sagdynlyk adamyň jemgyýetdäki gatnaşyklarynyň kadaly bolmagyna, her bir adamyň durmuşda öz maksadyna ýetmegine ýardam berýär, şol bir wagtyň özünde ol adama jemgyýetçilik durmuşyna tiz uýgunlaşmaga kömek edýär. Her bir adam öz saglygyny özi gorap, sagdyn bolmak üçin göreşmeli. Onuň üçin her gün işjeň hereketde bolup, sport bilen meşgullanmaklygy durmuşyň berk kadasyna öwürmeli we şahsy arassaçylyk düzgünlerini yzygider berjaý etmeli. Saglyk adamyň zähmete bolan ukybyny ösdürmek bilen, ol daşky dünýäni öwrenmäge ýol açýar. Eziz ýurdumyzda hem adam hakyndaky alada esasy üns merkezinde saklanyp, raýatlarymyzyň sagdynlygy döwletiň we jemgyýetiň baş gymmatlygy hasaplanylýar. Bu ugurda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýadawsyz aladalar edilýär. Ata Watanymyzyň aýdyň hem nurana geljegi bolan nesil saglygyny goramak, ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly esasda ösüp ýetişmegini gazanmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Ýaşlarda ir döwürden başlap halallyk, arassaçylyk, edep-ekram düşünjelerini kemala getirmek zerur bolup, maşgala mukaddesligini olaryň aňyna guýmak möhümdir. Ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer döwlet syýasatyň netijesinde ata Watanymyzda ilatyň saglygyny gorap saklamak, ynsan ömrüni uzaltmak boýunça düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde saglygy goraýyş, sport merkezler, sport desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Şol merkezleriň häzirki zaman enjamlar we beýleki zerur bolan serişdeler bilen doly üpjün edilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu bolsa raýatlarymyzyň, ýaş nesillerimiziň sport bilen meşgullanmagyna, saglygyny dikeltmeklerine giň ýol açýar. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.