Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň özeninde halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşy hakdaky beýik başlangyçlar durandyr. Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň islendik pudagynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň guwandyryjy netijelerini synlamak bolýar. Alnyp barylýan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýokary netijeli işleriň ençemesi ýola goýulýar. Saglyk – beýik sahawatdyr, ol ähli zadyň gözbaşydyr. «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar, çünki ilatyň saglygy ýurduň okgunly ösüşine badalgadyr. Ine, ýaňy ýakynda, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Milli Liderimiziň gatnaşmagynda saglygy goraýyş desgalarynyň birbada üçüsiniň – Halkara onkologiýa we ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu binalar paýtagtymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda gurluşygyna badalga berlen ilkinji desgalardyr. Bu bolsa bu ugurdaky işleriň gerimini giňeltmäge, ilat sany ýylsaýyn artýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ýokary hilli saglyk hyzmatlaryny öz wagtynda alyp barmaga mümkinçilik berer. Şeýle saglygy goraýyş desgalaryň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli gurulýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz diňe bir saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmän, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakda hem ýaş nesillere şahsy görelde görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary özüniň ylmy maglumatlary bilen gymmatly gollanma bolup durýar. Eserde berilýän her bir maglumatlar güneşli diýarymyzyň jana melhem ösümliklerinden, olaryň peýdaly aýratynlyklaryndan giňişleýin söz açylýar. Her bir günümizi üstünliklere besleýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýaşlaryň jemgyýetdäki orny barha pugtalanýar, saglygy goraýyş ulgamynda kärine ussat ýaş hünärmenler kemala gelýär. Bu ugurda ýurdumyzda ýaşlar üçin giň mümkinçilikler yzygider döredilýär. Şeýle bagtyýar zamanda halkymyzyň sagdyn, ruhubelent ýaşaýşy, asuda hem bagtyýar durmuşy ugrunda belent maksatlary amal edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli başlangyçlary, tutumly işleri rowana menzillerde diňe rowaçlyklara beslensin!
Merdan ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.