logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Health /Saglygym — baş baýlygym
  13.04.2024
915
Saglygym — baş baýlygym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi işjeň ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki öwüt-ündewleri, arzuwlary hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, halkyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Bütindünýä saglyk güni uly toý-dabara beslenip, bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler hem guralýar.

 

Her bir ynsan üçin öz saglygy, sagdynlygy barada alada etmek hemişe möhümdir. Adam hereketde bolanda, fiziki zähmet çekende, gan aýlanyşygy, umumy saglygy gowulanýar. Ynsan saglygy ähli zatdan ýokarda goýulýan ajaýyp döwrümiz bar. Şeýle döwürde ýaşap zähmet çekmek, dynç almak bolsa, bagtyýarlygyň we eşretli durmuşyň, saglygyň hem sagdynlygyň gözbaşydyr.

 

Berkarar Watanymyzda sporty ösdürmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berip, raýatlarymyzyň saglygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda yzygiderli alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Nurmyrat SEÝITGULYÝEW,

 

Myrat Garryýew adyndaky 

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk 

uniwersitetiniň mugallymy.